Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy

view-icon 23

Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Hormatly işewürlik sammitine gatnaşyjylar we myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Siziň ähliňizi Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekleýärin. Bu işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlar boýunça doly formatly, yzygiderli we uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm başlangyç nokady hökmünde garaýaryn.

Şunda işewürlik jemgyýetçiligi wajyp orny eýeleýär. Öz zähmeti, zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynanýaryn. Munuň özi ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket etmegi üçin berk binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ykdysady, tehnologik kuwwatynyň, şeýle-de olaryň ösüş depgininiň iň batyrgaý hem-de geljegi uly maksatnamalary amala aşyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň bu işlere işjeň gatnaşjakdygyny, işewürlik jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary we alyşmalary ösdürmek üçin ähli zerur ýardamy bermäge, hyzmatdaşlyk meýillerinde, başlangyçlarynda işewürlik işjeňligini, özbaşdaklygy hem-de innowasiýalary höweslendirmäge taýýardygyny nygtaýaryn.

Koreýa özüni Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna ýokary baha berýär. Koreý kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris.

Ýurtlarymyzyň, olara wekilçilik edýän işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk integrasiýasynyň ýoly bilen hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we geljekki geoykdysady gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynanýaryn. Bu ugurda Türkmenistan ulag-logistika ulgamyna strategik taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýär. Işewür toparlary yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik taýdan ýerleşişiniň döredýän bähbitlerini hem-de artykmaçlyklaryny işjeň ulanmaga, durnukly ulag geçelgelerini, logistika arabaglanyşygyny döretmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn. Ýurdumyz hyzmatdaşlygyň bu ugruna ähli zerur goldawy bermäge taýýardyr.

Ýaňy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işini tamamlady. Onuň öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan wajypdygyny belleýäris. Şeýle hem sammitiň dowamynda pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy maksady tassyklandygyny nygtamak gerek.

Işewürlik sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň, ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar. Gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine, olaryň ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge we Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýärin.

(Seul şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabry)