Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

view-icon 76

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we ajaýyp üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, kadaly pul dolanyşygynyň, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli amala aşyrylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Bank ulgamynyň işjeňligini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny saklamakdan, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr. Bazar ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegi bolan bank ulgamy dolanyşykdaky pul serişdeleriniň mukdaryny kadalaşdyrmakda, erkin maliýe serişdelerini ykdysadyýete çekmek arkaly giňeldilen üznüksiz önümçiligi we maýa goýum işjeňligini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän, uzak möhlete niýetlenen uly möçberli karz serişdeleri ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň düzümini kämilleşdirmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň bilen birlikde, ýurtda ýerli çig mallaryň hasabyna milli puluň haryt üpjünçiligi ýokarlanýar we manadyň kadaly hereketi ýola goýulýar. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bir hatarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da berkidýär.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Täze taryhy döwürde bank ulgamy ýokary depginde ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Ulgama döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de olaryň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Türkmen manadynyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny artdyrmak, bank işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Tölegleriň ygtybarlylygyny we tizligini üpjün edýän galtaşyksyz tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly elektron töleg ulgamlarynyň çäkleri giňeldilýär. Türkmenistanyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek üçin Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary hem-de “Fitch Ratings” halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Strategik taýdan möhüm iri maýa goýum taslamalaryny uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmekde ýurdumyzyň ygtyýarly banklarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşan ylalaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir.

Berkarar Watanymyzyň jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi boýunça dünýäniň ýokary girdejili döwletleriniň ortaça derejesine ýetendigi hem ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz, býujet-salgyt, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň ylmy esaslydygynyň we netijelidiginiň aýdyň mysalydyr. Kabul edilýän milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine halkara jemgyýetçilik tarapyndan oňyn baha berilýär.

Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň durnuklylygyny saklamak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi. Biz geljekde-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň ykdysady görkezijileri boýunça ösýän döwletleriň sanawynda mynasyp orny eýelemegi üçin ähli tagallalary ederis. Bu biziň durmuş-ykdysady strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.