Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

view-icon 12

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisi hökmünde guralýan bu serginiň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm ähmiýeti bardyr.

Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan ýurdy hökmünde tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapyp, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

Gadyrly dostlar!
Hormatly myhmanlar!

Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Muňa berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklaryny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ähli ugurlara ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we halkara ähmiýetli ägirt uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek, ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly hem-de toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär. Durmuş ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze obalar, şäherler bina edilip, mähriban halkymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri üpjün edilýär. Ähli ugurlarda gazanylýan durmuş-ykdysady üstünliklerimiziň özeni halkymyzyň abadan, bagtyýar ertirini hem-de röwşen geljegini kepillendirmäge gönükdirilendir.

Biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz, düýpli özgertmelerimiz belent maksada — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendir. Biz ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatymyzy doly amala aşyrarys.

Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide diňe bir berkarar Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, geljekki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden öz beýanyny tapýar. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk ykdysady binýat eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly girewidir.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.