Ï Türkmenistanyň welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

view-icon 67
Türkmenistanyň welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giňişleýin meýilnamany hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12 gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Wise-premýer pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.