Ï Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy

view-icon 8
Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň biridir. Ol ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň taryhy, medeniýeti we gündelik durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözelligi, çydamlylygy, ýyndamlygy we adam bilen aýratyn ýakyn gatnaşygy ahalteke bedewlerini ýurdumyzyň çäklerinden has uzaklarda hem meşhur etdi.

Ahalteke bedewiniň taryhy rowaýatlara baý bolup, türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çölleriň we dag etekleriniň agyr şertlerinde yssy howa çydap bilýän, uzak aralyklary geçip bilýän hem-de öz çydamlylygyny saklaýan atlara aýratyn ähmiýet berlipdir. Olary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplanan tejribe nesilden-nesle geçirilip, netijede bu tohumyň özboluşly aýratynlyklary kemala gelipdir.

Tohumyň ady Ahal oazisi we teke taýpasy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halky üçin at hemişe diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, wepaly hemrasy, ýakyn kömekçisi, aýratyn alada we buýsanç bilen garalýan gymmatlyk bolupdyr.

Köp sanly abraýly taryhçylaryň we ippologlaryň pikirine görä, beýik serkerde Aleksandr Makedonskiniň söýgüli hem-de wepaly aty Busefal ahalteke atlarynyň gadymy nesillerinden bolupdyr. Gadymy döwürlerde bu atlara nusaý atlary diýlip hem at berlipdir. Rowaýata görä, Busefal şeýle bir ýabany we ürkek bolupdyr welin, hiç kim ony eldekileşdirip bilmändir. Ýaş Aleksandr atyň öz kölegesinden gorkýandygyny görüpdir. Ol bedewi güne tarap öwrüp, ony köşeşdirip, soňra eýerläpdir. Busefal patyşa bilen müňlerçe kilometr ýol geçip, söweşlerde ony halas edipdir we soňky söweşleriniň birinde eýesini gorap, ýaralanyp ölüpdir.

Gadymy Hytaýda ahalteke atlary altyndan-da gymmat görülipdir. Gadymy Hytaýyň hökümdarlary bu bedewlere eýe bolmak üçin tutuş harby ýörişleri gurapdyrlar. Hytaýlylar olara «hansýo» – «asman atlary» diýip at beripdirler. Rowaýatlaryň birinde bu atlaryň çalt çapanda ganly der çykarýandygy aýdylýar. Alymlar şeýle görnüşiň atyň derisiniň örän inçeligi we gan damarlarynyň deriniň ýüzüne juda ýakyn ýerleşmegi bilen bagly bolandygyny çaklaýarlar. Güýçli hereket wagtynda gan damarlary giňelip, altyn öwüşginli ýüňüň üstündäki der damjalary gyzyl öwüşgin beripdir. Hytaýlylar şeýle asman atynyň üstünde oturyp, hatda bakylyk ýurduna çenli ýetip boljakdygyna ynanypdyrlar.

Türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini aýratyn usulda terbiýeläpdirler. Atlar belli bir seýis bilen ýakyn gatnaşykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Munuň netijesinde bu tohumyň özboluşly häsiýetleriniň biri bolan adama wepalylyk aýratynlygy kemala gelipdir. Ahalteke bedewiniň bir eýesini saýlap, oňa ömürboýy wepaly bolýandygy baradaky gürrüňler halk arasynda giňden ýaýrandyr.

Başga birine sowgat berlen ahalteke atynyň iýmekden ýüz öwrüp, başga adamlary ýanyna goýbermändigi barada hem köp sanly wakalar aýdylýar. Bu bolsa onuň öz eýesine bolan aýratyn wepalylygyny we duýgurlygyny görkezýär.

Ahalteke bedewleri ýowuzlyga we gödeklige örän duýgur bolup, olara güýç bilen boýun egdirmäge synanyşmak oňyn netije bermeýär. Emma öz eýesi tarapyndan mähir we alada bilen garalanda, bu bedew wepaly dostuna öwrülýär. Ol eýesi bilen kynçylyklary ýeňip geçmäge, onuň bilen uzak ýollary aşmaga ukyplydyr.

Türkmen medeniýetinde ahalteke bedewi aýratyn orun eýeleýär. Ençeme nesilleriň dowamynda ata hormat goýlup, oňa söýgi we alada bilen garalypdyr. Halkymyz atda güýjüň, erkinligiň, mertebäniň we maksada okgunlylygyň nyşanyny görüpdir. Ahalteke bedewiniň keşbi edebiýatda, şekillendiriş sungatynda we binagärlikde giňden şöhlelenýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda hem merkezi orunlaryň birini eýeläp, onuň milli taryh we medeniýet üçin ähmiýetini nygtaýar.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçýär. Bu bolsa häzirki zaman Türkmenistanyň gadymy atşynaslyk medeniýeti bilen çuňňur arabaglanyşygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.

Şu ýylyň dowamynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan atly sport ýaryşlary, sergiler, halkara duşuşyklar, ylmy we medeni çäreler geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi özboluşly at tohumynyň dünýäde giňden tanalynmagyna we onuň meşhurlygynyň artmagyna ýardam berýär.

Muňa şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem aýdyň mysaldyr. Bu çäre sport, medeniýet we taryh nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe boldy.

Dünýäniň iri atçylyk toplumlarynyň birinde geçirilen çempionat ahalteke bedewleriniň daşky keşbiniň we sport mümkinçilikleriniň dünýäniň öňdebaryjy atçylyk hünärmenlerine, weterinar lukmanlaryna hem-de türgenlerine giňden görkezilmegine mümkinçilik berdi. Ýaryşa dünýäniň 25 ýurdundan 100-den gowrak ahalteke bedewiniň gatnaşmagy hem onuň halkara derejesini görkezýär.

Ahalteke atçylyk sungaty we bedewleri bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň düzümine girizildi. Geçirilen bu halkara ýaryş bolsa ahalteke tohumynyň halkara derejesindäki ähmiýetini täze sepgide çykardy.

Ahalteke bedewleriniň taryhy watany bolan Türkmenistan üçin bu çempionat medeni diplomatiýanyň möhüm meýdançalarynyň birine öwrüldi. Çäre halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, ahalteke bedewleriniň diňe bir milli baýlyk däl, eýsem, dünýä medeni mirasynyň gymmatly bölegi hökmünde giňden tanadylmagyna ýardam etdi.

Häzirki zaman Türkmenistanda ahalteke atçylygyny gorap saklamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke tohumynyň arassalygyny gorap saklamaga, atly sporty ösdürmäge, degişli infrastruktura desgalaryny kämilleşdirmäge we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýärler.

Ýurdumyzda bedewleri saklamak we köpeltmek üçin ähli zerur şertler döredilýär, milli we halkara derejedäki çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem ýaş nesle seýisçilik däplerini geçirmek, bu ugurdaky milli tejribäni dowam etdirmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ahalteke bedewi Türkmenistanyň özboluşly medeni ilçisine öwrüldi. Ol halkara ýaryşlaryna, sergilere we dürli çärelerine gatnaşyp, türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan atşynaslyk däplerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirýär.