Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Bu barada 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýokary wekilçilikli edaranyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barylmagyny tabşyrdy.
«Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik üstünlikleri bütin dünýä aýan edýän iri şähergurluşyk taslamasydyr. Şäherde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri raýatlaryň ýaşaýyş derejesini täze belentliklere göterýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu ugurdaky tejribe geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanylar.