Ï Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» telewizion gepleşigiň myhmany boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» telewizion gepleşigiň myhmany boldy

view-icon 5
Türkmenistanly aýdymçy «Salam, Andreý!» telewizion gepleşigiň myhmany boldy

Ýakynda türkmenistanly aýdymçy gelin Täçnabat Ýomudowanyň Russiýanyň «Salam, Andreý!» atly ilhalar telewizion gepleşiginde ýörite myhman hökmünde Andreý Malahow bilen çykyş edendigi mälim boldy. Bu gepleşik görnükli aýdymçy we kompozitor Wiktor Korolýowyň 65 ýyllygyna bagyşlanypdyr, Moskwa çakylyk bolsa türkmen aýdymçysy üçin düýpden garaşylmadyk bir zat bolupdyr.

Watany Aşgabatda Täçnabat belli hindi filmlerinden aýdymlary ýerine ýetirmek başarnygy bilen bireýýäm adykdy. Ol bendi ediji owazy bilen diňleýjileri haýran galdyryp, sazandalar bilen ýygy-ýygydan konsertlerde çykyş edýär we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni çärelerine gatnaşýar.

Täçnabadyň hiç haçan ýörite sazçylyk mekdeplerde okamandygyny bellemek gerek. Onda bu endik hindi dilindäki aýdymlary yzygiderli diňlemek arkaly öz-özünden döräpdir. Şunuň ýaly del zady özleşdirmek daşary ýurtly üçin hele-hüle iş däl, çünki bu ýerde esasy kynçylyk aýdym aýtmak usulyndan beter aýtmasy kyn sesleri dile getirmekde we gündogaryň saz däplerindedir.

Jadylaýjy çasly sesiň eýesi kiçigöwünlilik edýär, ýöne onuň aýdymlary, hakykatdan-da, diňleýjini Bolliwud dünýäsine alyp barýar.

– Bar zat hindi filmlerinden başlandy, – diýip, Täçnabat Ýomudowa gürrüň berýär. – Men çagalygymdan film gahrymanlarynyň aýdymlaryny dünýäni unudyp, höwes bilen diňleýärdim we olaryň äheňini gaýtalaýardym. Maşgalamyz aýdym-sazly bolsa-da – ejem bagşy, agam orkestrde goboý çalýar, özüm hünärim boýunça mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar mugallymy, aýdym aýtmak bolsa meniň söýgüli kärim.

Ilki-ilkiler ol özi we ýakyn tanyşlary üçin aýdýardy, ýöne tebigy zehin urup çykdy. Bu işde maşgala kökleriniň-de orny kiçi-kirim däl. Täçnabadyň ejesi – Türkmenistanyň halk artisti, tanymal bagşy Şemşat Hojaýewa.

– Meni gepleşige çagyranlarynda, birbada ynanmadym, kimdir biri oýnajak bolýandyr öýtdüm, – diýip, aýdymçy gelin ýatlaýar. Soň bolsa, hakykatdan-da, «Salam, Andreý!» telegepleşigiň redaktorlary jaň etdiler we ähli resminamalar tizden-tiz taýýar edildi. Şeýdip, men ilkinji gezek Moskwa gitdim we studiýa çyralarynyň astyna düşdüm.

Wiktor Korolýowyň-da çagalykdan hindi filmlerinidir aýdymlaryny halaýandygy mälim boldy, şonuň üçin-de Täçnabadyň çykyşy onuň üçin iň gowy sowgada öwrüldi. Mundan daşgary aýdymçy gelin ýaş toýuny belleýän kompozitora türkmen dutaryny sowgat etdi, bu sowgat sazandany tüýs ýürkden begendirdi.

Gepleşik üçin surata düşürilende, Täçnabat stoluň üstünde adatça hödür-kerem edilýän çörekdir pişmeli türkmen saçagyny ýazdy, myhmanlara bolsa nepis keşdeli tahýalary sowgat berdi. Gepleşigi alyp barýan Andreý Malahowyň egnine türkmen donuny geýdirip, biline guşak daňdy we: «Ine, indi siz hakyky ýigit bolduňyz!» sözleri aýdyp, başyna telpek geýdirmek bilen, işini tamamlady. Beýle hormat alyp baryjyny diýseň tolgundyrdy we ol begençden ýaňa uçara geldi.

Studiýada aňrybaş mylaýymlyk höküm sürýärdi. Myhmanlar we gepleşige gatnaşýanlar Türkmenistanyň medeniýeti bilen höwes bilen tanyşdylar. Täçnabat Raj Kapuryň meşhur «Jenap 420» filminden «Mera Joota Hai Japani» diýen aýdymy ýerine ýetirdi.

Elbetde, gepleşige gelenler myhmany ene dilinde aýdym aýtmazdan goýberip bilmediler. Täçnabat diňleýjilere «Küştdepdi» gazalyny bagyş etdi. Bu saz we söz kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan gadymy türkmen dessury tansynyň wokal esasydyr. Türkmen halk aýdym aýtmak we tans sungaty bolan «Küştdepdi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekili sanawyna resmi suratda girizilendir.

Bu günki gün Täçnabadyň esasy arzuwy syrly Hindistana – Bolliwud “ýyldyzlarynyň” öz täsirli aýdymlaryny aýdyp, tans edýän ýurduna syýahat etmek. Häzirlikçe bolsa artist gelin sentýabr aýynyň 28-inde Aşgabatda boljak nobatdaky konserte taýýarlyk görýär.

“Salam, Andreý!” gepleşigine gatnaşmak onuň üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy. Gepleşik heniz efire berlenok, tomaşaçylar bolsa oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Andreý Malahowyň bu ilhalar gyzykly gepleşiginiň şenbe günleri “Rossiýa-1” telewizion kanal boýunça Moskwa wagty bilen 17:50-de berilýändigini ýatladýarys!