Ï Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar

view-icon 76
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken ynsanperwer Karary esasynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary şu günüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna degişli ygtyýarnamalaryň gowşurylmagy güneşli Diýarymyzda agzybirligiň has-da pugtalanmagy ugrunda edilýän aladanyň netijesidir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde guralan çäre halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamalary uly buýsanç bilen kabul eden adamlar ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda dürli halklaryň we milletleriň wekilleriniň asuda, agzybir hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň 146-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.

Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.