Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşuly nesillerine we ähli halkyna Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşuly nesillere çuňňur hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň hem-de nesilara dowamatlylygymyzyň binýatlyk esasydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň esasy maksady mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, durmuşyň uly mekdebini geçen pähim-paýhasly ýaşuly nesillerimiziň we Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bolelin, bagtyýar, parahat hem-de asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletimiziň we jemgyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilendigini belledi.
– Ömri nusgalyk mekdebe, pendi edebe öwrülen dilleri senaly ýaşulularymyz, olaryň pähimli öwüt-nesihatlary, baý durmuş hem-de zähmet tejribesi jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda, nesillerimizi watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe alyp barmakda biziň daýanjymyz bolup durýar – diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.