Paýtagtymyzyň muzeýleri taryhy çuňňur öwrenmäge, ata-babalarymyzy ýatlamaga we häzirki ussatlaryň sungaty bilen tanyşmaga isleg bildirýän ähli adamlary tomaşa etmäge çagyrýar.
Oktýabr aýynyň 1-inden başlap Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanan «Pederleri hatyralap» at bilen sergi geçirilýär. Bu ýerde şekillendiriş sungatynyň eserleri we dürli döwrüň nesilleriniň suratlary görkezilýär.
2-nji oktýabrda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Halk hakydasy ebedidir» atly sergi açyldy.
2-nji oktýabrda sagat 16:00-da Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Hojamuhammet Çüriýewiň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy sergisi işe başlady.
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň teatrlarynda aşakdaky sahna oýunlary görkeziler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
03.10.2026: «Duýgularyň bäsleşigi» 19:00;
04.10.2026: «Är we aýal» 19:00.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
03.10.2026: «Super gaýyn ene» 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
02.10.2026: «Söýgi duralgasy» 19:00;
03.10.2026: «Halk hakydasy» 19:00;
04.10.2026: «Halk hakydasy» 19:00.
Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
03.10.2026: «Arşyn mal alan» 19:00;
04.10.2026: «Amanat giýew» 19:00.
A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
03.10.2026: «Кто живёт под крыльцом?» 12:00;
03.10.2026: «Струны души» 19:00;
04.10.2026: «Золушка» 11:00; 13:00;
04.10.2026: «Аршин мал алан» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
03.10.2026: «Altyn jüýje» 17:00;
03.10.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00;
04.10.2026: «Balykçy we balyjak» 12:00; 17:00;
04.10.2026: «Çagaly öý bazar» 19:00.
Teatryň bildirişlerinde üýtgeşme bolmagy ähtimal. Gelip görmezden ozal kassadan sahna oýunlarynyň tertibini anyklamagy maslahat berýäris.