Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde bilimini kämilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde bilimini kämilleşdirýär

view-icon 70
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde bilimini kämilleşdirýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistrlik maksatnamasy boýunça okuw geçýär.

Okuw Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan amala aşyrylýan «DÖM-iň ählumumy lideri» (JICA Development Studies Program «SDGs Global Leader») atly ösüş barlaglary maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji marty aralygynda guraldy.

Okuw sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) arasynda wodorod energetikasy ulgamynda bilelikdäki barlaglar barada 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda amala aşyrylýar.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Sukuba uniwersitetiniň alymlary we hünärmenleri bilen bilelikde tebigy gazdan wodorod energiýasyny almak we durnukly ösüş ulgamlaryny ösdürmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirer.

Mundan başga-da, mugallym Ýaponiýanyň ekologiýa, durnukly energetika we arassa tehnologiýalar ulgamyndaky baý tejribesini öwrener, şeýle hem degişli ugurlar boýunça nazary we amaly sapaklara gatnaşar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliniň dünýäniň abraýly ylmy-bilim merkezleriniň birinde aljak gymmatly bilimleri we tejribesi, şeýle hem onuň geçirjek ylmy barlaglary durnukly energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly goşant goşar.

Ozal biz Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki sany mugallymynyň degişli magistrlik maksatnamasy boýunça bilim almak üçin Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetine iberilendigi barada habar beripdik.