Ï Türkmenistan üçin ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan üçin ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir

view-icon 77
Türkmenistan üçin ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir

9-njy oktýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we logistika ulgamynda sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyjy öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga, Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň lo­gis­ti­ka we inf­rast­ruk­tu­ra müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de aç­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns berýändigini belledi. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2029-njy ýy­ly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türk­me­nis­tan GDA ýurt­la­ry dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ pug­ta­lan­dyr­mak­da iş­jeň orun eýe­le­me­li­dir­ler di­ýip ha­sap­la­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň 2026 – 2035-nji ýyl­lar üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça on­ýyl­ly­gy baş­lan­gy­jy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­syn­da de­giş­li Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.

«Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ar­ka­la­şy­ga ag­za döw­let­le­riň on­ýyl­ly­gyň mak­sat­la­ry­ny hem-de we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­jak­dyk­la­ry­na ynan­ýa­rys. On­ýyl­ly­gy GDA gi­ňiş­li­gin­de, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­mä­ge hem-de bi­le­lik­dä­ki çe­me­leş­me­le­ri we tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga taý­ýar­dy­rys. Mu­nuň üçin biz­de Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan 2025-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da ka­bul edi­len «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk» at­ly Ka­rar­na­ma gör­nü­şin­de hu­kuk esa­sy­myz bar» diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türk­me­nis­tanyň ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de äh­li ýurt­lar, şol san­da GDA-nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­ri üçin el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mekde GDA ýurt­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­me­gi mak­sat edin­ýändigi bellenildi. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky işi şeý­le hem 2025-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­tyn­da ka­bul edi­len we BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­nan «Awa­za sy­ýa­sy Jar­na­ma­sy­na» esas­lan­ýar.