Ï Türkmenistan media ulgamynyň sanly ösüşi boýunça tejribesini paýlaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan media ulgamynyň sanly ösüşi boýunça tejribesini paýlaşdy

view-icon 177
Türkmenistan media ulgamynyň sanly ösüşi boýunça tejribesini paýlaşdy

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Merkezi Aziýa boýunça 26-njy media maslahaty öz işini tamamlady. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň žurnalistlerini, mugallymlaryny, halkara bilermenlerini, döwlet edaralarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýän bu ýyllyk çäre häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we sanly mediany döredijileriň öňünde durýan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

2026-njy ýylda forumyň esasy temasy «Umumy hakykaty kemala getirmek: sanly döwürde maglumatlaryň bitewiligi, media etikasy we ynam» diýlip kesgitlenildi.

Maslahaty ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy meseleleri boýunça wekili, ilçi Ýan Braatu, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Kaýrat Tursunkulow, medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Salkyn Sarnogoýewa hem-de ÝHHG-niň Bişkekdäki Maksatnamalar ofisiniň ýolbaşçysy, ilçi Folker Frobart açdylar.

Maslahata gatnaşyjylar çykyş edenlerinde häzirki wagtda jemgyýetiň örän çalt özgerýän maglumat giňişliginde ýaşaýandygyny bellediler. Tehnologik ösüşiň netijesinde maglumatlary döretmegiň, almagyň we ýaýratmagyň täze usullary ýüze çykýar. Ählumumy toruň ulanyjylarynyň aglabasy maglumaty ilkinji çeşmelerden däl-de, eýsem, sosial platformalaryň we degişli programmalarynyň üsti bilen alýarlar. Bu ýagdaý resmi köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bolan ynamyň peselmegine getirýär. Habarlaryň bölekleýin görnüşde berilmegi we okyjynyň ünsüni çekmäge gönükdirilen sözbaşylar bolsa köplenç maglumatlaryň ygtybarlylygyna obýektiw baha bermäge mümkinçilik bermeýär.

Galp maglumatlara garşy netijeli göreşmek, media sowatlylygyny ösdürmek we hünär standartlaryny ýokarlandyrmak üçin sebit we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr.

Iki günüň dowamynda geçirilen maslahatyň çäklerinde alty sany mejlis we amaly okuw maslahaty guraldy. Gatnaşyjylar medianyň öz-özüni düzgünleşdirmegi we metbugat geňeşleriniň işi, maglumatlaryň bitewiliginiň hukuk esaslary, gender aýratynlyklaryny nazara almak bilen žurnalistleriň howpsuzlygy, žurnalistika bilimi hem-de emeli aňy ulanmak boýunça redaksiýa syýasatlary ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn mejlis ýokary töwekgelçilikli şertlerde sanly howpsuzlygy üpjün etmek, maglumat çeşmelerini, maglumatlary we aragatnaşyk serişdelerini goramak meselelerine bagyşlandy.

Maslahatyň mejlislerinde Türkmenistanyň wekilleri hem çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirliginiň başlygy Serdar Agaýew hem boldy. Ol Türkmenistanyň halkara tejribesini we platformalary düzgünleşdirmegiň öňdebaryjy nusgalaryny işjeň öwrenýändigini, häzirki wagtda ýüze çykýan hem-de kemala gelmekde bolan wezipeleri seljerýändigini belledi. Şeýle hem sanly žurnalistik maglumatlaryň ýaýradylmagynyň we sarp edilmeginiň usullary özgerýän şertlerinde onuň durnuklylygyny saklamaga ýardam berjek ykdysady nusgalary gözlemek meselesine üns berildi. Çykyş eden häzirki zaman sanly gurşawynda dessin çäre görülmegini talap edýän kiberhüjümler, deepfake tehnologiýalary arkaly döredilýän galp maglumatlar we beýleki howplar barada hem durup geçdi.

Mundan başga-da, «Arzuw news» hususy tor neşiriniň esaslandyryjysy we baş direktory Azat Seýitmuhammedow öz redaksiýasynyň maglumatlary taýýarlamakda öňdebaryjy sanly gurallary ornaşdyrmak boýunça tejribesini paýlaşdy.

Forumyň çäklerinde ÝHHG-niň iri tehnologik platformalaryň we emeli aňyň döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygyny goramak boýunça gollanmasy tanyşdyryldy. Bu neşir «SAIFE» taslamasynyň çäklerinde Maglumat we demokratiýa forumy bilen bilelikde taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşyjylar gollanmany sebitde ornaşdyrmak we iş ýüzünde ulanmak boýunça ýol kartasyna hem garadylar.

Media maslahatynyň netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleriniň ählumumy sanly gurşawda umumy wezipeler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny tassyklady. Gatnaşyjylar hünärmenleriň üznüksiz bilim almagyna we özgerişlere uýgunlaşmagyna aýratyn ähmiýet berdiler. ÝHHG-niň okuw maslahatlary hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Hususan-da, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalar amaly başarnyklary yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär hem-de Türkmenistanda media sowatlylygy boýunça milli tälimçileriň özbaşdak toparynyň kemala gelmegine ýardam edýär.