Ï «Bedew sarpasy» atly sahna oýun TÜRKSOÝ guramasynyň halkara talyplar teatry festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bedew sarpasy» atly sahna oýun TÜRKSOÝ guramasynyň halkara talyplar teatry festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

view-icon 123
«Bedew sarpasy» atly sahna oýun TÜRKSOÝ guramasynyň halkara talyplar teatry festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

5 – 9-njy oktýabr aralygynda Gazagystanyň Türküstan şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň goldawy bilen guramagynda IV halkara talyplar teatry festiwaly geçirildi.

Festiwalyň sahnasynda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň talyplaryndan düzülen döredijilik toparlary milli mirasy, däp-dessurlary we häzirki zaman durmuşyny açyp görkezýän sahna eserlerini hödürlediler. Gatnaşyjy toparlaryň çykyşlaryna Gurama agza ýurtlarynyň görnükli medeniýet işgärlerinden düzülen abraýly eminler topary baha berdi. Eminleriň düzüminde Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow hem boldy.

Festiwalyň açylyş dabarasynda gatnaşyjylara ýüzlenip, TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew şeýle belledi:

– Siziň sahnadan ýaňlandyrýan umumy teatr diliňiz ertirki günümiziň medeniýetiniň umumy diline öwrüler. Teatr bu adamyň adam hakyndaky duýgudaşlyk bilen beýan edýän hekaýasydyr, sahnada gürrüň berýän wakalarymyzyň üsti bilen biri-birimiziň kalbymyzy bejermekdir. Siziň her bir ädimiňiz türki halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkidýär.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty bölüminiň talyplary meşhur ahalteke bedewleri hakynda gürrüň berýän «Bedew sarpasy» atly sahna oýny bilen çykyş etdiler. Sahna eseri Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary esasynda taýýarlandy. Sahna oýnunyň edebi esasyny ýokary okuw mekdebiň talyby Şageldi Salyhow taýýarlady, režissýory bolsa mugallym Merdan Handurdyýew boldy.

Milli köklere we seýisçilik däplerine çuňňur hormat bilen döredilen Türkmenistanyň wekilleriniň bu sahna eseri «Milli temanyň sahnada iň gowy beýany» diýen ugur boýunça baýraga mynasyp boldy.

Döredijilik toparyna halkara festiwalynyň Kubogy, TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretariatynyň we Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara gazak-türk uniwersitetiniň Hormat haty, şeýle hem Türküstan şäheriniň häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy.

Ýaş sungat işgärleri üçin gazanylan bu ýeňiş we olaryň işine berlen ýokary baha täze döredijilik üstünliklerine ýetmek, türkmen halkymyzyň däp-dessurlaryny hem-de behişdi bedewlerimizi mundan beýläk-de giňden wagyz etmek ugrunda güýçli itergi boldy.