Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Duşuşyk Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamasynyň goldamagynda guraldy.
Çäräniň maksady – halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, öňdebaryjy ylmy-tehniki tejribäni öwrenmekden we energetika pudagyna innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Okuw maslahatynyň çäklerinde gaz guýularyny burawlamakda we uglewodorod serişdelerini saklamakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalara bagyşlanan sapaklar geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar nebit-gaz guýularyny burawlamagyň döwrebap usullaryna, uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmegiň we howpsuz saklamagyň tehnologiýalaryna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçiliklerine, wodorod ýangyjyny öndürmegiň usullaryna, şeýle hem energetika pudagynda emeli aňyň ulanylmagyna garadylar.
Uniwersitetiň ýaş hünärmenleri, mugallymlary we talyplary daşary ýurtly professorlar hem-de mugallymlar bilen pikir we tejribe alyşdylar hem-de energetika pudagynda ulanylýan täze tehnologiýalar barada gymmatly maglumatlary aldylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, onuň ylmy-barlaglar geçirilýän barlaghanalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen merkezleriniň işi, şeýle hem Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdep bilen tanyşlyk olara işgärleri amaly taýdan taýýarlamagyň häzirki ýagdaýy, ylmy we önümçiligi utgaşdyrýan bilim ulgamy barada giň düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Çärä gatnaşyjylar ylmyň we bilimiň üstünlikli ösmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdiler, şeýle hem mundan beýkäk-de hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, onuň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.
Germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýaş hünärmenleriniň hünär bilimlerini we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýola goýmak üçin şertleri döretdi.
Okuw maslahatynyň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, innowasion çemeleşmeleri öwrenmäge, amaly ugurly okuwlary ösdürmäge we energetika pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga uly goşant boldy.