Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti halkara bäsleşik we maslahat geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti halkara bäsleşik we maslahat geçirer

view-icon 62
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti halkara bäsleşik we maslahat geçirer

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan 25 – 27-nji noýabr aralygynda iki sany iri halkara çäre – V halkara himiýa olimpiadasy hem-de «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler.

Halkara ylmy-amaly maslahat utgaşykly görnüşde geçiriler. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň mugallymlary, hünärmenleri we alymlary çagyrylýar.

Ylmy-amaly maslahat umumy mejlis we 2 sany bölümçe boýunça geçiriler:

I. Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary;

Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler we öňdebaryjy tejribeler.

Gatnaşyjylary hasaba almak 7-nji noýabra çenli dowam eder. Foruma gatnaşmak üçin edaradan resmi hat (şahsy gatnaşýan ýagdaýynda), şeýle hem çykyşyň tezislerini, gysgaça beýanyny, doldurylan hasaba alyş resminamasyny, şahsy maglumat resminamasyny we pasportyň göçürmesini tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Tezisleri we gysgaça beýanyny, şeýle hem gatnaşmak üçin arzalary resmileşdirmegiň düzgünleri hem-de nusgalary uniwersitetiň resmi sahypasynda «Halkara maslahat – 2026» bölüminde ýerleşdirilendir.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça V halkara olimpiadasy uniwersitetiň binasynda adaty ýagdaýda geçiriler.

Olimpiada A we B derejede (himiýa ugruna ýöriteleşen talyplar we beýleki taýýarlyk ugurlarynyň talyplary) şahsy bäsleşik görnüşinde bir tapgyrda geçiriler. Her dereje boýunça bir ýokary okuw mekdebinden gatnaşyjylaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünärmenlik maksatnamasy) we bir ýolbaşçydan köp bolmaly däldir (4+1 görnüşinde).

A derejä gatnaşyjylara himiýanyň dürli bölümleri boýunça meseleler hödürlener. B derejä gatnaşyjylar üçin bolsa test synaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 7-nji noýabra çenli ýokary okuw mekdebinden topar agzalarynyň sanawy görkezilen resmi haty, şeýle hem her bir gatnaşyjynyň doldurylan bellige alyş kagyzyny, şahsy maglumat resminamasyny we pasportynyň nusgasyny olimptsu@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýokarda agzalan resmi sahypasynda «Olimpiada – 2026» bölüminde ýerleşdirilendir.

Guramaçylar ähli isleg bildirýänleri öňde duran halkara çärelere gatnaşmaga çagyrýarlar hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan geljek wekilleriň bu duşuşyklarynyň ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, alymlaryň hem-de hünärmenleriň arasynda öňdebaryjy tejribeleri we gymmatly bilimleri alyşmak, şeýle-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky dostlukly we ylym-bilim gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirýärler.