Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 104

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şan-şöhratly wakalara beslenýän günlerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň ХIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparyňyzyň çäklerinde Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan ösüşleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Siz jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artdyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýärsiňiz. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklary kämilleşdirildi, onuň häzirki zaman türkmen nusgasy kemala geldi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar taryhy köklere, ruhy-medeni umumylyga, dillerimiziň ýakynlygyna hem-de iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna daýanýar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ýakynlyk häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýar. Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny resmi taýdan ykrar eden ilkinji döwlet bolup, ýurtlarymyz «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesine eýerýärler. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan bilelikdäki işler türkmen-türk gatnaşyklarynyň baý mazmunyny we giň mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde türkmen-türk gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siz bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bilim ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýärsiňiz. Türkiýe Respublikasynda-da türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar, doganlyk ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-akademiki gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Size Türkiýäniň ylmy barlaglar boýunça öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri hasaplanýan Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi Siziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, parahatçylykly dialogy ilerletmäge goşýan goşandyňyzyň giňden ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda doganlyk ýurduň işewür toparlary maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň çäklerinde meşhur türk kompaniýalary tarapyndan ýüzlerçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi ýaly işewür düzümleriň gatnaşmagynda barha ösýän bilelikdäki işler hyzmatdaşlygyň ykdysady mazmunyny baýlaşdyrmaga, hususy pudagyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga we täze işewürlik başlangyçlaryny goldamaga ýardam edýär. Siziň bu geňeş tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagyňyz bolsa özara söwdany, telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak babatda edilýän tagallalaryň belent ykrarnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory diýen akademiki derejä eýe bolmagyňyz hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.