Ï Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 68

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy oktýabrda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň türki halklar bilen taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýan gatnaşyklary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýermek bilen, synçy ýurt hökmünde TDG-niň işine işjeň gatnaşýar hem-de bu gurama medeni dialogy ilerletmek we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança hökmünde garaýar. Munuň özi döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Sammitiň dowamynda türki döwletleriň geljekki ösüşi, özara gatnaşyklary we halkara giňişligindäki orny bilen baglanyşykly birnäçe möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge, energetika, ulag-aragatnaşyk we senagat ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmaga gönükdirildi. Aýratyn hem Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolan Hazarüsti halkara ulag ýolunyň mümkinçiliklerini artdyrmak, deňiz portlarynyň, demir ýollaryň hem-de beýleki ulag infrastrukturalarynyň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meseleleri öňe çykdy. Bu ugurda Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri hem sebitara ulag hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi hökmünde ähmiýete eýedir. Şeýle ykdysady ösüşiň durnukly bolmagy üçin daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygy hem bellenildi. Şunuň bilen birlikde, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak, döwletleriň özygtyýarlylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna hormat goýmak, ýüze çykýan meseleleri gepleşikler arkaly çözmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm şertleri hökmünde garaldy. Şol bir wagtyň özünde, türki halklaryň umumy taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýaş nesilleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we syýahatçylyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly ugurlara hem ähmiýet berildi. Şeýlelikde, sammitiň gün tertibinde ykdysady ösüşden başlap, ekologik abadançylyga, halkara howpsuzlygyndan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara çenli özara baglanyşykly meseleler toplumlaýyn ýagdaýda seredildi. Olaryň ählisini birleşdirýän esasy maksat bolsa türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, umumy mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak we sebitde parahatçylykly hem-de durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekdir.

Sammitiň ýene bir möhüm tarapy halkara we sebit meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagydyr. Döwletleriň arasynda syýasy dialogyň yzygiderli alnyp barylmagy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmek hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara goldawy güýçlendirmek üçin zerurdyr.

Bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň ähmiýetini hem aýratyn bellemek bolar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly dialogy, özara hormaty, deňhukukly hyzmatdaşlygy we döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmagy ileri tutýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň halkara guramalarynyň işine gatnaşmagy, dürli döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi we umumy meseleleriň parahatçylykly çözülmegine goşant goşmagy daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türk Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem bu ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary we Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň türki döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm wakalarynyň biridir. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň milli medeniýeti we baý mirasy halkara derejede görkezildi, sammitde bolsa türki döwletleriniň umumy taryhy we medeni ýakynlygyny häzirki döwrüň ykdysady we syýasy mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen teklipler ulag, energetika, senagat, oba hojalygy, ekologik meseleler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy, özara ynamy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär. Ankara sammitiniň esasy ähmiýeti hem türki döwletleriň arasyndaky taryhy dostlugy häzirki döwrüň anyk wezipeleri bilen baglanyşdyryp, geljekki hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmagyndadyr.

Öwezgeldi Atageldiýew,
Aşgabat şäheriniñ Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniñ kazysynyñ kömekçisi.