Ï Türkmen mugallymlary halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mugallymlary halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

view-icon 88

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary türki dünýäsiniň döwlet işgärleri, mugallymlary we ylmy işgärleri üçin niýetlenen «KatipAta» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligi tarapyndan Hajettepe uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän bu maksatnama türki döwletleriň arasynda akademiki we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, gatnaşyjylaryň dil we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar türk dilini çuňlaşdyryp öwrenýärler, okuw sapaklaryna, tematik maslahatlara gatnaşýarlar hem-de Türkiýäniň taryhy, medeniýeti we jemgyýetçilik-syýasy durmuşy bilen tanyşýarlar. Şeýle-de bilim we ylmy edaralaryň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmaga hem-de hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Institutyň mugallymlarynyň bu maksatnama gatnaşmagy olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ylmy-pedagogik mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.