Ï Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

view-icon 73
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy
Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Pariž şäherinde Fransiýanyň «Bouygues» toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Marten Buiga Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sylagy Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Maksat Çaryýew gowşurdy.

Dabarada eden çykyşynda diplomat bu sylagyň Marten Buigiň döwletara dialogy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlarynyň ykrar edilýändiginiň nyşany bolup durýandygyny belledi. Ilçi «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan döredijilikli işleri üçin minnetdarlyk bildirip, kompaniýanyň ýurdumyzyň paýtagtynyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmakdaky ornuny aýratyn nygtady.

Bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we fransuz hünärmenleri iri taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribe topladylar. Çykyşda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky we halkara dialogy ösdürmekdäki ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan goşandy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bu syýasy ugruň yzygiderli dowam etdirilýändigi bellenildi.

Öz gezeginde, Marten Buig medalyň gowşurylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň özboluşly ösüş ýoluna eýerýändigini, parahatçylygy ileri tutýandygyny we dialogy ösdürmäge ygrarlydygyny şöhlelendirýär. Marten Buig türkmen halkynyň myhmansöýerligi we medeni mirasy barada mähirli sözleri aýdyp, türkmen halylaryna hem-de ahalteke bedewlerine aýratyn ünsi çekdi.

Dabaradan soňra beren interwýusynda Marten Buig bu sylagyň «Bouygues» topary üçin Türkmenistandaky işini dowam etdirmäge we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi boljakdygyny nygtady.