Ï Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum geçirildi

view-icon 70
Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum geçirildi

3-4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol—2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Oňa dünýäniň ähli künjeklerinden KHBS-iň wekilleriniň 170-den gowragy, şol sanda Türkmenistandan Döwlet habarlar agentliginiň wekili gatnaşdy.

Forumyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleriniň, çäräniň guramaçylarynyň hem-de KHBS-iň wekilleriniň birnäçe çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasynyň çäklerinde özara düşünişmäge we umumy maksatlara bagyşlanylyp alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, 2013-nji ýylda HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy hem-de hytaý başlangyjynyň çäklerinden çykyp, iş ýüzünde durmuşa geçirilmek bilen häzirki wagtda örän giň gerimlere eýe bolan halkara ähmiýetli uly geljegi nazarlaýan uly taslama öwrüldi.

Bu başlangyjyň maksady köpsanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda we maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Şu babatda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan we häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen durmuşa geçirilýän Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeltmek boýunça strategiýamyzyň many-mazmuny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Ýurdumyzda bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde nebitgaz, elektrik energetika, awtomobil, deňiz, derýa, howa we demir ýollary pudaklarynda halkara ähmiýetli uly taslamalar amala aşyryldy we häzir işleri dowam edýän taslamalar hem bar.

Türkmenistanyň we Hytaýyň bu strategiýalara eýermek bilen iş ýüzünde amala aşyrýan taslamalary örän köp we giň gerimlidir. Olaryň ählisi ulag-logistika aragatnaşyklaryň döwrebap derejede üstünlikli ýola goýulmagyna gönükdirilip, ýurtlaryň we olaryň halklarynyň abadançylygyny, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini gazanmagy maksat ediýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär.

Dabaranyň ahyrynda «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasynyň çäklerinde mediahyzmatdaşlyk boýunça Fujou başlangyjy kabul edildi.

Şol günüň ikinji ýarymynda Forumyň işi dowam edip, «Bir guşak, bir ýol» boýunça sebitleýin media hyzmatdaşlygy baradaky çykyşlara giň orun berildi. Şonda media ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin köptaraply hyzmatdaşlygy ýol goýmagyň we ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyň amala aşyrylmagynyň ähmiýetini we adamlaryň durmuşynda eýeleýän ornuny giň halk köpçüligine düşündirmekde hem-de wagyz etmekde ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bilelikde işläp, şol sanda häzirki döwrüň ösen elektron sanly maglumat ulgamlary arkaly hyzmatdaşlyk alyp barmagynyň maksada laýykdygyny nygtadylar. Çünki halklara ýetirilýän maglumatlaryň takyklygyny we dogrulygyny üpjün etmek wezipesiniň häzirki döwrüň uly meseleleriniň birine öwrülýändigine hem üns çekildi.

Dünýäniň dürli künjeklerinden Fujou şäherine gelen žurnalistler, habarçylar, synçylar öz ýurtlarynda habarlardyr maglumatlaryň taýýarlanylyşy we aýratyn üns berilýän ýörelgeleri, şol sanda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada söhbet etdiler. Kärdeşlerimiz bilen özara söhbetdeşliklerde bu ugurda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary we tagallalary arkaly ýola goýlan işler, şol sanda Arkadag şäherinde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berenimizde, olaryň ýurdumyza bolan gyzyklanmalary we Türkmenistana gelip görmäge bolan islegleri artdy. Daşary ýurtly kärdeşlerimiz Aşgabady we Arkadag şäherini görmegi arzuw edýändiklerini aýtdylar.

HHR-iň iri we öňdebaryjy neşirleriniň biri bolan «Ženmin žibao» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guralan bu uly möçberli çäräniň geçirilmeginiň maksady maglumatlary taýýarlamak babatda Hytaýyň tejribesi bilen tanyşdyrmakdan we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Forumyň ikinji gününde «Halkara kommunikasiýa boýunça Ýüpek ýoly baýragy» diýen çäre geçirildi. Onda bu baýraga eýe bolup sylaglanan dokumental fimleriň görkezilişi boldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol—2026» halkara hyzmatdaşlyk forumynyň esasy işi tamamlandy. Dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan bir ýere jemelenen myhmanlar üçin taýýarlanylan medeni makstanamanyň çäklerinde indi olara Fujounyň «Pandalar dünýäsine» syýahat etmek hem-de Fujou şäheriniň içerki derýalary boýunça adaty gämilerde gezelençler, şeýle hem taryhy Ýantaýşan sebitine baryp görmek garaşýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherine gelip, halkara media hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga döredilen uly mümkinçilikler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.