Ï Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy

view-icon 3
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy

Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň düýbi tutuldy. Täze desganyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze senagat desgasynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndüriler.

«Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Zawodyň işe girizilmegi diňe bir ýurdumyzyň azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrman, eýsem, möhüm durmuş meseleleriniň birini hem çözmäge ýardam eder. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.