Ï Türkmenistan Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

view-icon 5
Türkmenistan Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitiniň umumy mejlisinde Türkmenistanyň dördünji ählumumy başlangyjyny tanyşdyrdy.

«Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini – ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa, döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmegi teklip edýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz belledi.