Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşynda Türkmenistanyň bäşinji başlangyjyny tanyşdyrdy.
«Daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda hereket edýän halkara düzgünleri, kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz belledi.