Şu ýylyň 24 – 25-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Blue Peace Central Asia» (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde suw hyzmatdaşlygy meselelerine we 2027-nji ýyl üçin işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge bagyşlanan sebit duşuşygy geçiriler.
Forum Suw serişdelerini dolandyrmagyň halkara institutynyň (IWMI) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasy tarapyndan Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde, Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawynda guralýar.
Duşuşyga sebitiň ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri, şeýle hem Sebitleýin konsultatiw komitetiniň agzalary, pudaklaýyn bilermenler we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşarlar. Forumda ýurdumyza ekologiýa we suw hojalygy ugurlarynda öňdebaryjy hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň bilermenleri wekilçilik ederler.
Öňde boljak duşuşygyň esasy maksady ylmy maglumatlaryň, sebit derejesindäki hünär hyzmatdaşlygynyň we suw syýasaty babatdaky teklipleriň özara baglanyşygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa BPCA-nyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny Merkezi Aziýanyň ileri tutulýan ösüş ugurlary bilen utgaşdyrmaga we ony beýleki sebit başlangyçlarynyň üstüni ýetirmäge mümkinçilik berer.