Baý milli mirasymyzy gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we täze taryhy döwürde ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan işjeň öňe sürülýän medeni diplomatiýanyň möhüm ähmiýetini we üstünliklerini aýdyň subut edýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň wakalarynda öz beýanyny tapýar.
Bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke atçylyk sungaty halkymyzyň gaýtalanmajak mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň köpasyrlyk özboluşly däpleri, nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli at üstündäki oýunlar mekdebiniň ýörelgeleri şu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Gözelligi we syraty boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri täze taryhy döwrüň janly nyşany bolmak bilen, milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Bu günki gün behişdi bedewler halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde belent wezipäni ýerine ýetirýärler.
Sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynda bedewlere bagyşlanyp geçirilen, gözelligiň, sungatyň, medeni dialogyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülen giň möçberli forum mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen 2026-njy ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty we ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşigi taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde — Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Niderlandlar Patyşalygynyň Wenraý şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine hem-de ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabaralaryna gatnaşmagy bolsa bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz açyk mejlisde çykyş edip, ahalteke bedewleriniň dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýändigini, olary öňde goýan maksatlaryna tarap bilelikde gitmäge ruhlandyrýandygyny belledi. Türkmenistan ahalteke atçylygy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýar we goldaýar hem-de bu asylly işe öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, behişdi bedewleriň şanyna ilkinji gezek Ýewropa yklymynda geçirilen bu iri çäreler dünýäniň dürli künjeklerinden atşynaslary, alymlary, hünärmenleri, türgenleri bir ýere jemledi. Ahalteke bedewiniň diňe bir at däl-de, eýsem, türkmen halkynyň taryhynyň, ruhunyň, milli baýlygynyň hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Şunda bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmakda, atçylyk pudagynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanylmagy behişdi bedewleri parahatçylygyň, halklaryň arasynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ilçileri hökmünde dünýäde giňden wagyz etmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleriniň ykrar edilýändiginiň, halkymyzyň özboluşly taryhyna, medeniýetine goýulýan uly hormatyň beýany boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, bu babatda birnäçe täze teklipleri öňe sürdi. Şunda anyk strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça esasy ugurlary kesgitlemek baş wezipe bolup durýar. Şolaryň hatarynda ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk sportuna, şol sanda Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagyny giňeltmek ýaly wezipeler bar. Şeýle-de atlara baş öwretmegiň we konkuryň halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary işläp düzmek, ahalteke tohum atlaryna degişli iri halkara baýraklary döretmek göz öňünde tutulýar. «Ýaşyl» diplomatiýany we ekosyýahatçylygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze we geljegi uly ugry bolup biler.
Gahryman Arkadagymyz weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Kronenbergde guralan çäräniň ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredendigini nygtap, halkara assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim, barlag işlerini utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi. Şeýle-de ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmek babatda teklip öňe sürüldi. Teklipleriň arasynda ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmek hem bar.
Ynanyşmagy, medeni dialogy pugtalandyrmak zerurlygyny talap edýän häzirki zaman dünýäsinde Ýewropanyň Kronenberg şäherinde geçirilen çäreler medeniýeti, ylmy, sporty, sergi işini özünde sazlaşykly jemlemek bilen, özara düşünişmegiň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagyň, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygyň nusgasyna öwrüldi. Ol halklary we döwletleri jebisleşdirmäge gönükdirilen medeni diplomatiýamyzyň täsirli guraly hökmünde baý milli mirasymyzy aýdyň görkezdi. Çärelere gatnaşyjylardyr myhmanlar diňe bir ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi bilen däl, bütin dünýäde ykrar edilen türkmen halyçylyk, zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň köpasyrlyk däp-dessurlary, milli lybaslarymyz, halkymyzyň özboluşly adatlary, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň halkara çäreleriniň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda guran çykyşlaryny görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu topar abraýly halkara baýraklaryň, şol sanda her ýyl Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynyň baş baýragynyň eýesidir. «Galkynyş» toparynyň ýurdumyzyň çäklerinden daşyndaky täsin çykyşlary hemişe uly üstünlige beslenip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri döredýär. Munuň özi halkara derejede Türkmenistana we onuň baý medeniýetine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Eger-de, halkara giňişlikde Türkmenistanyň milli mirasy medeni diplomatiýanyň ynsanperwer maksatlaryna gulluk edýän bolsa, içeri syýasatda ol döredijilik işleri, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde täze üstünlikleri gazanmak üçin tükeniksiz ylham çeşmesine öwrülýär. Onuň egsilmez kuwwaty bolsa ýaş nesli terbiýelemek işinde örän möhümdir. Çünki ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda aýdyň beýanyny tapdy. Milli Liderimiz çykyşynda şahsyýetiň kemala gelşi, ruhy-ahlak ýörelgeler, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda gazanan üstünlikleri, onuň häzirki zaman dünýäsindäki orny we wezipesi, geljek üçin maksatlardyr wezipeler hakynda aýdyp, taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek we wagyz etmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.
“Beýik taryh we baý özboluşly medeniýet watançylyk duýgusyny oýarýar, munuň özi ýaşlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi hut ýaşlyk döwri adamda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär, oňa wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan kuwwatly, durnukly we ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Halkyň medeni özboluşlylygyny, döredijilik ruhuny özünde jemleýän milli mirasy goramak örän wajypdyr. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkymyzyň bütin taryhy ýoly bilen kesgitlenilendigini, ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilendigini belläp, Milli Liderimiz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmenler üçin esasy zadyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukly gatnaşyk etmek bolup durýandygyna düşünendigini aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistan bitaraplygyň nazaryýetini hem-de amalyýetini baýlaşdyrmagyň, syýasy we ylmy binýadyny döretmegiň üstünde işlemegini dowam etdirmek bilen, ýaşlar, aýratyn-da, talyplar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Çünki bitaraplyk diňe bir syýasat däldir. Halkara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde bitaraplyk ykdysadyýeti, ylym-bilimi, tehnologiýalary, medeniýeti, sporty, maglumat we kommunikasiýany hem-de ençeme beýleki ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmek, Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek ýaly belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdyklaryna ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewi barada aýtmak bilen, onuň türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we milli mertebesiniň nyşanlarynyň biridigine ünsi çekdi. Behişdi bedewlerimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda, medeni diplomatiýasynda uly orun eýeleýär. Ahalteke bedewi türkmen ýaşlary üçin diňe bir milli buýsanç däl, eýsem, okgunly ösüşiň, kämilligiň we wepalylygyň belent nusgasy bolmalydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda ýaş nesli terbiýelemek, türkmen halkynyň medeni-ruhy mirasyny, onuň däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky garaýyşlaryny paýlaşyp, jemgyýetimiziň ýaşaýşynyň taryhy milli esaslaryny berkitmäge hemişe uly üns beriljekdigini nygtady. Türkmen taryhy — bu iň gadymy siwilizasiýalary döreden, dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň buýsançly beýik geçmişi. Mukaddes topragymyzyň her bir daban ýeri ylmy barlaglar we gazuw-agtaryş işleri üçin gymmatly çeşmedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gadymy ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň — Jeýtun, Änew, Marguş, Dehistan, Horezm-Ürgenç siwilizasiýalarynyň dörän Watanydyr. Türkmenistan müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşup gelýän türkmen halkynyň ata Watanydyr.
Eziz Watanyňy, il-günüňi söýmek üçin onuň şöhratly geçmişini giňden öwrenmeli. Türkmen halkynyň taryhynda bolsa guwanmaga, buýsanmaga şan-şöhratly sahypalar näçe diýseň bar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýäde ykrar etdiren arheolog, taryhçy Rafael Pampelli, şeýle-de Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň ýurdumyzda arheologik işlere goşantlarynyň uludygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, adamzat siwilizasiýasyna goşan mynasyp goşandyny Ýer ýüzüne ýaýmakda köp tagalla etdiler.
Hormatly Arkadagymyz ýaşlara ýüzlenip, türkmenleriň dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridigini belledi. Ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan dörän milli mirasymyz asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Muhammet Horezmi, Abusagyt Abulhaýyr, Abu Nasr Faraby, Abu Reýhan Biruny, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Alyşir Nowaýy, Baýram han, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlarymyzyň mirasy, döreden eserleri dünýä nusgalyk gymmatlyklardyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra» ýaly eserlerimiz milletimiziň egsilmez ruhy baýlygydyr. Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Jelaleddin Menguberdi ýaly, Tumar şa, Törebeg hanym ýaly akyl-paýhasly, gaýduwsyz şahsyýetlerimiz ýakyn we alys ýurtlarda heniz ýaş mahallary meşhurlyga eýe bolupdyr. Ýurt azatlygy, Watan goragy ugrundaky agyr söweşlerde mertlik görkezen milli gahrymanlar bu günki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň belent mekdebidir.
Milli miras — bu halallyk, topraga yhlas etmek, ahlak arassalygy, nebse çapmazlyk, beden tämizligi, gaýduwsyzlyk ýaly paýhas eleginden geçirilen öwüt-ündewlerdir. Ene dilimize sarpa goýmaga çagyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny hem öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.
Öz taryhy ösüşiniň dowamynda halkymyz hiç wagt ylymdan daşda bolan däldir. Türkmen ýaşlary bu gün öz pederleriniň ylym dünýäsindäki beýik ýeňişlerine, beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Dünýäniň häzirki zaman ylmyndaky özgertmeler adamzat jemgyýetiniň barha kämilleşmegine ýol açýar. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlarymyzyň täze ylmy-tehniki ösüşden baş çykarmalydygyny belledi. Türkmen ýaşlary innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyrlar, täze tehnologiýalary döretmelidirler. «Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Bu şertler geljekki ösüşi kesgitleýär. Biziň maksadymyz Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdyr» diýip, hormatly Arkadagymyz nygtady.
Ýurdumyzda «akylly» şäherleri döretmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şeýle hem «Akylly» jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerurdyr. Bu konsepsiýa toplumlaýyn bolmalydyr we işiň ähli esasy ugurlaryny öz içine almalydyr. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Başlygy şol taslama ýaşlary, şol sanda talyplary işjeň çekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Çünki olar täze garaýyşlary, teklipleri, täzeçil nusgalary batyrgaý girizmäge ukyplydyrlar. Öňdebaryjy ylmy-tehniki sepgitlere çykmak üçin Türkmenistan bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirer. Şunda gürrüň Diýarymyzy bilim, pikir alyşmak we startap döretmek merkezine, ýaşlary intellektual kooperasiýa üçin özüne çekýän ýurda öwürmek barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek üçin hukuk we guramaçylyk şertlerini emele getirmegiň üstünde işlemek teklip edildi. «Goý, beýleki ýurtlaryň zehinli ýaşlary Türkmenistana gelsinler, türkmen ýaşlary bilen bilelikde öz döredijilik maksatlaryny durmuşa geçirsinler! Bu hemmeler üçin bähbitli bolar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmenistanyň ynsanperwer syýasaty işjeň durmuşa geçirmekde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) bilen oňyn dialog ýola goýuldy. Türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilen taryhy-medeni we tebigy obýektleri, özboluşly däp-dessurlary, sungatynyň we senetçiliginiň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlarynda mynasyp orun aldy.
Ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasyndaky okgunly ösdürilýän gatnaşyklary bu ugurdaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu ýyl Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesi berildi.
Ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara ähmiýetli dürli çäreleriň — Medeniýet günleriniň, festiwallaryň, konsertleriň, kino görkezilişleriniň, sergileriň we beýleki dabaralaryň geçirilmegi medeni diplomatiýanyň işjeň ilerledilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, noýabr aýynda Aşgabatda dünýäniň dürli döwletleriniň döredijilik toparlaryny myhmansöýer türkmen topragynda jemlän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň sungat ussatlary daşary ýurtlarda guralýan medeni-döredijilik çärelerine yzygiderli gatnaşyp, milli medeniýetimizi halkara giňişlikde giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Şeýlelikde, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny özünde jemleýän milli mirasymyz saýlap alan parahatçylyk söýüjilik hem-de döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.