Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde we GDA-nyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady hem-de bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň yzygiderli ösýändigini, ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet, ulag-logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýändigini, mejlisiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleleriň girizilendigini belledi hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Hormatly Arkadagymyz bu mejlisiň Arkalaşygyň giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura, ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçilik bolar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ilerletmegi, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant boljak GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek boýunça bilelikde alnyp barlan işler hem-de tagallalaryň netijeli utgaşdyrylandygy üçin Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary GDA-nyň giňişligindäki köptaraply hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.