17-nji noýabrda türkmen we ýapon kärdeşleriň wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine bagyşlanan online duşuşygy boldy.
Çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazy ylmy-barlag institutynyň, Ýaponiýanyň Täze energetika we senagat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça guramasynyň (NEDO), «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň hem-de Sukuba uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy temalary ýapon tarapynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda uniwersitetiň wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasyny degişli enjamlar bilen bilelikde üpjün etmek barada ylalaşygy gazanmakdan, ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, maliýeleşdiriş çeşmelerini ýüze çykarmakdan we taraplaryň özara borçnamalaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda Ýagşygeldi Kakajew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, professor, tehniki ylymlaryň doktory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ylmy-tehniki gatnaşyklaryň yzygiderli berkeýändigini nygtady. Rektor öz çykyşynda ýokary okuw mekdebiň ylmy-barlag kuwwatynyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýady, şeýle hem ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin durup geçdi.
Türkmen we ýapon taraplarynyň hünärmenleriniň çykyşlarynyň esasynda wodorod energetikasy ulgamynda türkmen-ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça bilelikdäki işleriň we ylmy-barlag işjeňliginiň aşakdaky ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Olar tebigy gazdan wodorod ýangyjyny öndürmekden, wodorody we tehniki uglerody almak arkaly metanyň plazmohimiki pirolizini amala aşyrmakdan, wodorody arassalamak, saklamak, daşamak we ulanmak tehnologiýalaryndan, ekologiýa taýdan howpsuz we energetika taýdan ýokary netijeli tehnologiýalary işläp düzmekden, bilelikdäki ylmy taslamalary maliýeleşdirmegi we tehniki taýdan goldamagy NEDO guramasynyň üpjün edip biljek mümkinçiliklerini kesgitläp bermekden, tehniki çözgütleri, barlaghana we synag-senagat infrastrukturasyny işläp düzmekde «Chiyoda Corporation» korporasiýasynyň gatnaşmak mümkinçiliklerini kesgitlemekden, wodorod energetikasy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Sukuba uniwersitetiniň binýadynda olaryň hünärini ýokarlandyryş okuwlaryny we ylmy tälim alyşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, türkmen we ýapon taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk taslamasyny taýýarlamak boýunça mundan beýläkki ädimleri kesgitlemekden, plazmotehniki usul arkaly tebigy gazdan wodorod öndürmek taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmekden ybaratdyr.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bellenen başlangyçlaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny nygtadylar.
Geçirilen oňyn gepleşikler Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş alymlaryny halkara ylmy giňişligine işjeň ýakynlaşdyrmak ýolunda möhüm ädim boldy.