17 – 20-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan degişli fakultetleriň talyplary üçin teležurnalistika boýunça okuwlar geçirildi.
Maglumat bermegiň usullary baradaky bilimleri çuňlaşdyrmaga we başarnyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen dört günlük okuw birnäçe ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika fakultetleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Ýokary depginli okuw maksatnamasy halkara bilermenleriň – «MIR» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Gazagystandaky baş redaktory, teležurnalist Witaliý Popowyň, şeýle hem Moldowanyň saz, teatr we şekillendiriş sungaty akademiýasynyň mugallymy, goýujy operatory Ruben Agajanýanyň halypalyk etmeginde geçirildi.

Gatnaşyjylar nusgawy we sanly çemeleşmeleri utgaşdyrýan, awtomatlaşdyrmaga, multimediýalylyga we şahsylaşdyrmaga esaslanýan habarlar pudagynyň häzirki zaman meýilleri bilen tanyşdylar. Häzirki wagtda täzelikler diňe bir telewizor arkaly görülmeýär. Her bir adamyň diýen ýaly maglumat almak üçin ulanýan ykjam enjamlary bar. Şu isleglere laýyklykda, häzirki wagtda sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ulanylýan Reels we Shorts görnüşindäki gysga wideoşekiller giňden ornaşdy.
«MIR» teleýaýlymy bu ugry işjeň ösdürýär. Teleýaýlymyň gepleşiklerine goşmaça hökmünde internet giňişliginde ýerleşdirilýän gysga wideoşekiller onuň resmi saýtynda we sosial ulgamlarda hödürlenýär. Habarlaryň dessine synlary, seljermeler, gepleşikler we göni ýaýlymlar bilen bir hatarda, habarlar redaksiýalary Shorts görnüşindäki wideoşekilleri taýýarlamakda ilkinji sekuntlaryň täsirliligine, çalt depginli montaža we emeli aň gurallaryna aýratyn ähmiýet berýärler.

Okuw sapaklarynyň dowamynda diňleýjiler iki topara – redaktorlara we operatorlara bölündiler. Maglumat mazmunynyň döredilişiniň tehniki tapgyryndan başlap, ýaýlyma berilmegine çenli ähli iş aýratynlyklary bilen tanyşan talyplar toparlara birleşip, medeni miras, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi, şeýle hem ýaşlary gyzyklandyrýan erkin temalar boýunça okuw gepleşiklerini taýýarladylar.
Okuwyň jemleri boýunça uly höwes bilen taýýarlanan we okuw tamamlanandan soň tanyşdyrylan ýedi sany gyzykly gepleşik görkezildi. Bilermenler bu ýaş hünärmenleriň türkmen teležurnalistikasynyň geljegidigini we Türkmenistany dünýä tanatmaga bolan tüýs ýürekden islegleriniň örän gymmatlydygyny bellediler.
Okuw maslahaty tamamlanandan soň gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy. Türkmenistanda žurnalistika bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermek maksady bilen, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi talyplar, mugallymlar we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin şular ýaly okuw çärelerini yzygiderli guraýar.