Ï «Mekdebe çenli pedagogika» atly täze okuw kitabyny taýýarlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mekdebe çenli pedagogika» atly täze okuw kitabyny taýýarlanyldy

view-icon 213
«Mekdebe çenli pedagogika» atly täze okuw kitabyny taýýarlanyldy

Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň bilelikde taýýarlan «Mekdebe çenli pedagogika» atly täze okuw kitaby çap edildi.

Täze neşiriň awtorlary — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymlary Nartäç Myradowa we Esen Atdaýew, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Oguljuma Akmämmedowadyr.

Täze okuw kitaby ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde «Mekdebe çenli bilim we terbiýe» hünäri boýunça okaýan talyplara niýetlenendir.

Kitapda mekdebe çenli terbiýäniň taryhy, bäbeklik hem-de irki ýaşdaky, ýagny 1 ýaşdan 3 ýaşa çenli çagalaryň ösüşiniň we terbiýesiniň aýratynlyklary barada anyk maglumatlar getirilýär.

Mundan başga-da, okuw kitabynda esasy ugurlar boýunça terbiýeçilik işlerini guramaga, geçirmäge we ýerine ýetirmäge degişli netijeli çemeleşmelere bagyşlanan gymmatly maglumatlar jemlenendir. Hususan-da, awtorlar mekdebe çenli ýaşly çagalaryň akyl, ahlak, watançylyk, zähmet, beden, duýgy, estetiki we ekologiýa terbiýesi bilen bagly mowzuklara garap geçýärler.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna niýetlenen mekdebe çenli pedagogika boýunça täze okuw kitaby pedagogik ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri, bu ugurda işleýän hünärmenler we gyzyklanýan ähli okyjylar üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.