Ï Ýaşulularyň paýhasy – ýollarymyzyň röwşeni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşulularyň paýhasy – ýollarymyzyň röwşeni

view-icon 651
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 20-21-nji iýulynda Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolanynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Bereket” myhmanhanasynyň we “Mollagara” şypahanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabaraly pursatlara we umumy döwletimiz boýunça bellenilýän şanly senelere ýurduň hormatly ýaşulularyny çagyrmak we olar bilen derwaýys meseleler boýunça maslahatlaşmak türkmen ilinde gadymdan gelýän asylly däpleriň biridir. Häzirki döwürde Oguz han, Gorkut Ata, Alp Arslan ýaly pederlermiziň taryhy tejribesi häzirki şertlerde giňden ulanylýar.

Ýaşuly nesillere çuňňur hormat goýmak ýaly mukaddes dessurlara eýermek, olaryň paýhaslaryna gulak asmak, türkmen halkynyň şanly taryhynda hormatly ýaşulularyň möhüm orny eýeleýändigi üçin buýsanç duýgularyny başdan geçirmek, ýaş nesillerimizi ýokary ahlak, watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek biziň häzirki jemgyýetimiziň we döwletimiziň taryhy ösüş ýolunyň esasyny düzýär.

Häzirki döwruň ýaşululary köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, türkmen jemgyýetiniň syýasy, ykdysady, hojalyk we beýleki meseleleri boýunça umumy çözgütlere hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna guraýan iş saparlarynda, pagta, bugdaý we beýleki asylly işlere badalga bermäge gatnaşýar. Şeýle hem şunuň ýaly çäreler uly hormat bilen ýaşululara ynanylýar.

Biziň häzirki günlerde buýsanýan gymmatlyklarymyza türkmenistanlylaryň birnäçe nesilleri uly hormat bilen buýsanarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde özygtyýarly ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ykrar etmeginde özüniň täze taryhy eýýamyna gadam basdy. Milli Liderimiziň durmuşag eçirýän içerki we daşarky döwlet syýasatynyň esasyny düzýän oňyn ýörelgeler we özgertmeler özüniň anyk netijesini berýär we ol tutuş adamzadyň kalbynda hoşniýetlilik duýgularyny döredýär. “Türkmen halky” we “Arkadag” düşünjeleri häzirki döwürde biri-iri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ýurduň saýlap alan nurana ýoluny hemişelik ykrar edýär.

Üçünji müňýyllygyň başynda türkmen halkynyň buýsanmaga haky bardyr. Biz ruhy galkynyşyň ýoluny üstünilkli geçmek we häzirki döwürde bolsa baý taryhy tejribäniň hem-de ajaýyp medeni, ruhy mirasyň eýesi bolmak bilen, döwletimiziň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine bolan ynamy berkitmek arkaly özümiziň okgunly hereketimizi yzygiderli dowam etmelidiris. Durmuş ähmiýetli meseleleri agzybirlikde çözmek we mynasyp görlen şahsyýetleriň sözüne gulak asmak gadymy döwürlerden bäri türkmeniň kalbyna siňen asylly ýörelgelerdir. Biziň ýurdumyzda ak sakgally ýaşulular hemişe çuňňur hormat-sarpanyň eýesi bolupdyrlar, olaryň paýhasly mashatlaryna we baý durmuş tejribesine gulak asylypdyr. Bu gadymy dessur häzirki döwürde döwrebap ösüşe eýe boldy. Ýaşulular maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň demokratik institutlarynyň gurluşynda möhüm orny eýelemegi we oňa milli taryhymyzyň häzirki döwründe täze derejäniň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtda Balkan welaýatynda Ýaşulularyň nobatdaky maslahaty geçiriler onda halkymzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine degişli birnäçe möhüm meselelere serediler.

Ýaşulular maslahatynyň mejlisi biziň jemgyýetimiziň taryhy ösüş ýoluny kesgitleýär. Olaryň her biri türkmenistanlylar üçin möhüm ähmiete eýedir. Şunuň ýaly ählihalk çäresine gatnaşmak hormatly bolmak bilen bir hatarda ol örän jogapkärlidir. Çünki ahyrky netijede onda kabul edilýän kararlar biziň ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynyň ykbalyna, mähriban Watanmyzyň abadançylygyna dahylly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny täze taryhy eýýamda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýgytly hereketini bütin dünýä äşgär etdi.

Ýaşulular maslahatynyň her bir mejlisi, munuň özi diňe bir nobatdaky bellenilen meýilnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň ýerine ýetirilimegine bolan çemeleşme däl-de, eýsem halkyň egsilmez çeşme bolan we öňe hereket etmegiň ruhlandyryjy güýjüni emele getirýän beýik taryhynyň häzirki döwürde täzeden dabaralanýandygyny ýene bir ýola belleýäris. Ady rowaýata öwrülen taryhy şahsyýetler öz döwletlerini asyrlaryň dowamynda eýýamlaryň we ruhy dessurlaryň baglanyşygynyň binýadynda berkar edipdirler. Häzirki türkmen döwletliligi hem şol ýörelgelere daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy we döredijilikli zehini netijesinde halkymyza onuň baý mirasy, biziň häzirki gazananlarymyzyň we ýeňişlerimiziň ygtabarly kepilen öwrülen müňlerçe nesilleriň oňyn tejribeleri gaýtarylyp berildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda milli Liderimiziň taýsyz-tagallalary netijesinde pederlerimiziň köp asyrlyk tejribelerini we dünýäniň iň öňde baryjy ýörelgelerini özünde jemleýän milli döwlet dolandyryş usuly emele geldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça döwlet gurluşygynyň kämilleşdirilmegi häzirki gazanylanlar bilen kanagatlanmaýar. Biziň pederlerimiziň gadymy däplerine esaslanýan we ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ýokary ahlaklylygyň we gahrymançylygyň beýik nusgalary bup durýan giňmöçberli işler hormatly ýaşulular bilen maslahatlaşylmak arkaly amala aşyrylýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda açylan Maslahatlar Köşgi Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň geirilýän ýerine öwrüldi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmaga, ony artdyrmaga, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň ygtybarly binýatlaryny döretmäge, türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleriniň ýolunda ýene-de bir aýgytly ädimi alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşuly nesillerimize hemişelik alada bilen garaýar. Täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaşuly nesilleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmak babatda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär, olara köp sanly ýeňillikler berilýär. Şeýlelikde, bu babatda birnäçe kanunçylyk-kadalaşdyryş namalary, şol sanda “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi kabul edildi. Olarda pensionerleriň, uruş we zähmet weteranlarynyň, maýyplaryň durmuş taýdan goraglylygyna we olara goldaw bermäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar. Biziň ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri her ýylda artdyrylýar.

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary döwlet tarapyndan aýratyn goldawa eýe bolýarlar. Çünki munuň özi mähriban topragyň gaýduwsyz goragçylary bolan milli gahrymanlara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymy däpleriniň esasy talaplarynyň biridir. Öz gezeginde uruş we zähmet weteranlary ýaşlary watansöýujilik, gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbielemek, biziň halkymyzyň bütewiligini we agzybirligini pugtalandyrmak, halkymyzy ýurtda ýaýbaňlandyryan beýik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ruhlandyrmak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek babatda asylly işleri alyp barýarlar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýaşlaryň Watanymyza çuňňur söýgi, zähmetsöýerlik we öz işiňe bolan ýokary jogapkärçilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda ägirt uly işler bitirýän ýaşuly nesillere hemişe hoşallyk sözleri aýdylýar.