Ï Esasy pudagyň „dörän“ şäheri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Esasy pudagyň „dörän“ şäheri

view-icon 663
Şatlyk şäherine giren ýeriňde myhmanlary tebigy gazyň ýanyp duran alawy goýulan sütün garşy alýar. Bu sütün ýurduň gaz çykaryjy pudagynyň dörän ýeri bolmak bilen, şäheriň ýüzi bolup durýar.

Onlarça ýyl mundan ozal täze açyljak guýularyň gazyjaklar arkaly bellige alynan gaz çykaryjylaryň şäherçesinde ilkinji gurluşlar wagtlaýyn görnüşde ýerine ýetirildi. Soňra sebitde özleşdirilýän ýataklaryň sanynyň artmagy bilen, durmuş we medeni ähmiýetli düýpli täze gurluşyklar bilen täze keşbe gelip başlady.


Bu şäher ilki bilen iki ugur boýunça – senagat zolagy we ýaşaýyş zolagy boýunça ösdürilip başlandy. Başda bu ugurlaryň ikisi hem ýakyn aralykda ýerleşýärdi. Haçan-da täze planlaşdyryş işleri taýýarlanylanda wagtlaýyn gurluşlary ýykyp aýyrmaly boldy. Şäher üçin giň meýdan bölünip berilip, ol ýerde gurluşyk işleri çaltlandyrylan depginlerde alnyp baryldy. Gurluşyk boýunça işleriň esasy bölegini, soňra bolsa Şatlygy täzeden gurmaklyk işleri „Marynebitgazgurluşyk“ edarsynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde rumyn gurluşykçylary hem birnäçe ýyl işläp, öz taslamalary boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurdular. Indi Şatlyk şäheri Oguzhan etrabynyň düzüm bölegi bolmak bilen, hemme babatda abadanlaşdyrylan şäher bolup durýar.


Şäheriň ýedi müňden gowrak ýaşaýjysy bolup, ol uglewodorodlary gazyp almak we täze gazkondensant ýataklaryny özleşdirmek boýunça Mary welaýatynyň adminstratiw we senagat binýadyny jemleýär. Birinjide „Marygazçykaryş“ müdirligi, ikinjide - „Marynebitgazgurluşyk“ edarasy ýöriteleşdirilendir. Welaýatyň bu iki sany iri senagat we energetiki toplumy Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm bölegi bolmak bilen, sebitiň ýangyç-energetika toplumynyň meýilnama boýunça ösüşini üpjün edýär.

Şäheriň ýaşaýjylary - gaz çykaryjylar, gurluşykçylar, burowçylar we beýleki hünärli ýaşaýjylar baý senagat, gurluşyk we durmuş gurluşlary bilen üpjün edilendir. Şäheriň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaý gaznasy esasan hem her biri iki maşgala niýetlenen kottej görnüşindäki jaýlardan ybaratdyr. Bu jaýlaryň howlusyna güller we miweli baglar ekilendir. Şäheriň ýaşaýjylarynyň we kommunal gullugynyň işgärleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde şäher gök baglyga bürenýär. Olardan şäheriň Gazçylar bulwaryny, Halklaryň dostlugy köçesini görkezmek bolar...

Mundan onlarça ýyl öň dňredilen „Marygazçykaryş“ müdirligi özüniň döredilen ilkinji gününden bäri şarlyk sebitiniň ýataklaryny özleşdirýär we şäheriň durmuş gurluşlaryny ösdürmekde iri maýadar bolup durýar. Müdirligiň esasy potratçysy bolup „Marynebitgazgurluşyk“ edarasy çykyş edýär. Bu edara gazkondensat ýataklaryny ösleşdirýär we durmuş-medeni ähmiýetli desgalryň gurluşygyny alyp barýar.

Şatlyk we Mary şäherlerinde onlarça çagalar bagy „Marygazçykaryş“ müdirliginiň ygtyýaryndadyr. Ýaş nesil çagalar baglarynyň dördüsinde terbiýelenýärler we üç sany mekdepde bilim alýarlar. Işgärleri taýýarlamak meselesi hem oňat ýola goýlandyr – Mary şäherinde gaz çykaryjy senagaty üçin hünärmenleri taýýarlaýan hünärment mekdebi işleýär.

Şäheriň ýaşaýjylary üçin häzirki zaman lukmançylyk gullugy, ajaýyp Medeniýet köşgi hyzmat edýär, meýdan şertlerinde işleýänler üçin mobil we stasionar şäherçelerinde amatly şertler döredilendir.

Garagum derýasynyň gözel künjeginde ýerleşýän „Şatlyk“ şypahanasy işgärleriň guwanyjy bolup durýar. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda bir ýarym müňe çenli adam öz saglygyny berkidýär. Müdirlikde her ýyl, beýleki kärhanlarda bolşy ýaly, durmuş hyzmatdaşlygy boýunça kärhalar bilen şertnama baglaşylýar. Onuň kadalary zähmet adamsynyň durmuş goraglylygyny ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň iri göwrümli maksatnamalary 2010-njy ýylda Şatlyk sebtinde Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berilmegi bilen şertlendirilendir. Kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kubmetr gazy geçirmäge mümkinçiligi bolan kuwwatly täze gaz geçiriji magistraly häzirki zaman gaztransport ulgamynyň möhüm bölegi bolup durar. Bu gaz geçirijisini Türkmenistan milli ykdysadyýetiň we halakara energetika bazarlarynyň zerurlygy boýunça ösdürýär hem-de döwrebaplaşdyrýar. Ol ýurduň esasy ýataklarynyň halakalaýyn ulgamyny döretmek, gazyň eksport akymlarynyyň ugurlaryny gysga wagtda üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Gaz akymlarynyň şular ýaly ugurlaryny döretmek golaý we uzak gelejekde sebitleri ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. Eýýäm gelejekki sebitleýin gaztransport ulgamynyň ýüz kilometrden gowragy çekildi.