Türkmenistan Geňeş agzalarynyň, şeýle hem saýlaw okruglarynyň ikisi --Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy we Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglaryndan çykyp giden parlamentarileriň deregine Mejlisiň deputatlaryna saýlawlary geçirmek bilen bagly bolan möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakanyň bosagasynda dur. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, 19-njy awgustda ýurdumyzyň raýatlarynyň 2 milliondan gowragy halkymyzyň mynasyp görlen we abraýly wekillerine öz seslerini bermek üçin saýlaw uçastoklaryna geler.
Eýýäm şu gün Türkmenistanyň saýlawlaryň geçirilýän gününde haýsydyr bir sebäplere görä, ýaşaýan ýerlerinde bolup bilmejek raýatlary saýlaw uçastoklaryna gelip, öz seslerini berip biler. Ses bermek her günde sagat 12-den 16-a çenli geçiriler. Saýlawlaryň geçiriljek esasy gününde—2012-nji ýylyň 19-njy awgustynda uçastok saýlaw toparlary sagat 7-den 19-a çenli işlär.
Halk häkimiýetiniň ýerlerdäki wekilçilikli edarasy hökmünde Geňeşlere ýurdumyzda düýpli özgertmeleri we ösüş boýunça uly möçberli maksatnamalary işjeň ýagdaýda amala aşyrmakda möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen ygtyýarlyklara laýyklykda saýlanýan edara hökmünde Geňeşiň wezipesi belli bir obany ýa-da şäherçäni ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek boýunça meýilnamalar, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreler işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende ýerli şertleri we ilatyň erk-islegini has dolulygyna hasaba almakdan, Kanun arkaly Geňeşiň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki wezipeleri çözmekden ybaratdyr.
Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlary geçirmek bilen bagly çäreler “Halk Maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda guraldy, şol Kanunda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we häzirki tapgyrda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ähmiýetli wezipelerini göz öňünde tutmak arkaly, bu işiň esasy jähetleri beýan edilýär. Şol bir wagtyň özünde şol çäreler amala aşyrylanda, halkymyzyň gadymy demokratik ýörelgeleri öz beýanyny tapdy, şol ýörelgeler berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunga yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýän syýasatyň özenini düzýär.
Tutuş ýurdumyz boýunça Geňeş agzalarynyň 6100 sany magdatyny almak üçin dalaşgärleriň 12309-sy görkezildi, munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik esasynda geçirilmegini üpjün edýär. Ahal welaýatynda –2134, Balkan welaýatynda –886, Daşoguz welaýatynda –2824, Lebap welaýatynda –2893 we Mary welaýatynda—3572 sany adam dalaşgärlige görkezildi. Mejlisiň deputatynyň mandatyny almak üçin Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy we Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglarynyň hersinde dalaşgärleriň ikisi görkezildi. Dalaşgärleriň arasynda dürli milletleriň wekilleri, oba ýerlerinde işleýänler, oba we suw hojalygynda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ussat hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary bar.
Saýlawlaryň öňüsyrasynda welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň agzalary degişli çäreleri geçirmegiň barşynda ilata bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilişi we onuň ähmiýeti barada jikme-jik habar berilmeginiň üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn üns berýärler. Ilata “Halk Maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyndaky esasy düzgünleri, saýlawçylaryň hukuklaryny we borçlaryny, ses bermegiň tertibini düşündirmek we wagyz etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çekildi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saýlaw uçastoklary maglumat berýän zerur edebiýat, şol sanda kanunçylyk namalarynyň, kadalaşdyryjy usuly resminamalaryň tekstlerini özünde jemleýän kitapçalar we beýlekiler bilen gijikdirilmän üpjün edildi, munuň özi saýlawçylara saýlaw barada düşnükli maglumatlaryň berilmegine mümkinçilik döretdi.
Saýlawlar bilen bagly tapgyrlaryň barşy boýunça monitoringi amala aşyrýan milli synçylaryň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreler dalaşgärleriň bäsdeşlik etmegine degişli ýörelgäni berjaý etmek arkaly geçirilýär, dalaşgärler saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarda beýan edilen ýagdaýlar bilen saýlawçylary tanyşdyrmakda deň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.
Şu gün saýlaw uçastoklarynyň ählisi saýlawlara doly taýýardyr. Olaryň her biri döwrebap guramaçylyk tehnikasy, ses bermek üçin nieýtlenen aňyrsy görünýän urnalar, saýlaw býulletenleri bilen dolulygyna üpjün edildi. Ses bermek üçin ýerlerde ýörite kabinalar goýuldy.