Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 26-njy, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 99-njy saýlaw okruglarynda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we işgärleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2012-nji ýylyň 19-njy awgustynda bellemek we 19-njy awgustdaky dynç gününi 20-nji awgusta geçirmek baradaky Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlar gününi, şeýle hem ýokarda agzalan okruglar boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlar gününi 2012-nji ýylyň 19-njy awgustyndan 20-nji awgusta geçirmek hakyndaky Kararlar kabul edildi. Mejlisiň barşynda welaýat saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýerlerde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşi, şol sanda saýlaw uçastoklarynyň ählisiniň degişli guramaçylyk tehnikasy we esbaplar bilen üpjün edilişi, şeýle hem ses bermek üçin niýetlenen otaglaryň zerur bolan esbaplar we ýörite kabinalar bilen üpjünçiligi barada habarlary diňlenildi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgelerini berkarar etmek babatda öňümizdäki saýlawlara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu däpler mynasyp dowam etdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirilýän berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäräni saýlaw kanunçylygyna laýyklykda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Mejlisiň gün tertibine şeýle hem hereket edýän kanunçylyga laýyklykda 2012-nji ýylyň 18-nji awgustynda wagyz işlerini bes etmek baradaky mesele girizildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar degişli çözgüt kabul etdi.
Mejlisde beýleki käbir guramaçylyk meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.