Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Neşiriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda esaslandyrylandygyny bellemeli. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny, türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini açyp görkezmek, şeýle hem biziň ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde sebitleýin we halkara ähmiýetli möhüm wakalara syn bermek neşiriň esasy wezipeleridir.
Žurnal geçen bir ýarym ýylyň içinde bu žurnal ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda bolşy ýaly, ondan daşarda hem giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe boldy. Bu ýagdaýy nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 3-nji awgustynda geçirilen giňişleýin mejlisinde neşiriň nusgasyny artdyrmak baradaky Karara gol çekdi. Munuň özi žurnalyň okyjylarynyň has-da köpelmegine ýardam eder.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir hem-de ol hil taýdan täze derejä çykýar. Şu ýylyň aprelinden iýun aýyna çenli bolan aralykda milli Liderimiziň gatnaşmagynda bolup geçen halkara derejesindäki wakalaryň toplumy biziň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha belende galýandygyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara guraýan saparlary we daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen geçirýän duşuşyklary hakyndaky habarlar bilen neşiriň nobatdaky sany açylýar.
Makalalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Fedarasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedew bilen Aşgabatda geçiren gepleşikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Tatarystan Respublikasyna we Hytaý Halk Respublikasyna saparlary yzygiderli esasda beýan edilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 30-njy maýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisi hakyndaky makala neşirde esasy orun eýeleýär. Şeýle hem onda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň iýun aýynda Pekinde geçirilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşandygy hem giňden beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa bolan iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Hu Szintao bilen gepleşik geçirdi, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy.
Makalalaryň köpüsi milli Liderimiziň şu ýylyň iýun aýynda Braziliýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň jemlerine hem-de döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda öňe süren başlangyçlaryna bagyşlanýar. Olar bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütindünýä forumynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň ählumumy möçberde ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmäge, özara peýdaly tejribe alyşmaga, adamzadyň we tutuş dünýäniň bagtly geljegini üpjün etmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi.
Şol saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Milli Liderimiz şonda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Ýanoş Ader, Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rosen Plewneliýew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, Kuba Pespublikasynyň Döwlet geňeşiniň we Ministrler Sowetiniň başlygy Raul Kastro bilen duşuşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý we BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady hem-de durmuş meseleleri boýunça orunbasary, Maslahatyň Baş sekretary Şa Zukang bilen duşuşygy boldy.
Şu ýyl Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýratyn nygtamaly. “Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ösüş taryhyndaky möhüm tapgyrlar” atly makala hut şu wakalara bagyşlanýar. Onda awtor ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy, Ýaponiýa, Pakistan Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhyny aýdyň beýan edýär. Makalada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyz dünýä giňişliginde ykrar edilýär we giň goldawa eýe bolýar. Şeýle hem onuň sebitleýin geosyýasy ýagdaýlarynyň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwürde Türkmenistan birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan işjeň syýasy-diplomatik, ykdysady we gumanitar gatnaşyklary has-da giňeldýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň Şwesiýa Patyşalygy, Kanada, Palestina, Mongoliýa Halk Respublikasy, Çehiýa Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Günorta Afrika Respublikasy, Wengriýa, Awstraliýa Birleşigi, Malaýziýa, Bolgariýa Respublikasy, Niderlandlar Patyşalygy, Oman Soltanlygy, Norwegiýa Patyşalygy, Italiýa Respublikasy, Gresiýa Respublikasy we Finlýandiýa Respublikasy ýaly döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 20 ýyl doldy.
Şeýle hem ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanniýeriň “Türkmenistan we ÝHHG: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda” atly makalasy hem neşirde möhüm orny eýeleýär. Makalada Orta Aziýada howpsuzlygy pugtalandyrmakda türkmen döwletiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň aýratyn ähmiýeti we milli Liderimiziň sebitde, tutuş dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň derwaýysdygy bellenilýär. Türkmenistanyň döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen syýasatyna oňyn baha bermek bilen, jenap Lamberto Zanniýer biziň ýurdumyz bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini mälim etdi.
Žurnalyň “Aktual garaýyş” atly sözbaşysynyň astynda şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilen “Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag we üstaşyr gatnawlarynyň ösüşiniň geljegi” atly wekilçilikli halkara maslahatyna gatnaşan Ýol-ulag halkara bileleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary Igor Runow bilen bolan söhbetdeşlik çap edilýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, jenap Igor Runow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orta Aziýada we Hazar sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek ugurlaryny barlamak boýunça BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň 2011-nji ýylyň sentýabrynda geçirillen Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe süren başlangyjynyň derwaýysdygyny we öz wagtynda gozgalan meseledigini nygtaýar. “Prezidentiň bu başlangyjy Ýewraziýanyň ulag ýollarynyň ulgamynyň ösüş maksatnamasyna kybapdaş bolup, tutuş sebitiň bähbitlerine jogap berýär” diýip, Ýol-ulag halkara bileleşiginiň Baş sekretarynyň orunbasary aýdýar.
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenýän makalalaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji iýunynda çagalaryň hukuklaryny goramagyň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen Karary bilen tassyklanan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky hukuk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän makalalaryň bardygyny hem bellemeli.
Awtoryň belleýşi ýaly, ýaş nesiller hakyndaky alada türkmen döwletiniň hukuk syýasatynyň itleri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hukuk ulgamyndaky syýasat ylmy taýdan esaslandyrylan, hukuk ulgamyny sazlaşdyrmagyň netijeli guralyny döretmek, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukugyny has doly üpjün etmekde hukuk serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan oňyn işleri alamatlandyrýar.
“Konstitusion-hukuk ýörelgeleri: ösüş we innowasiýalar eýýamynda döwlet dolandyrylyşy” we “Türkmenistanyň Kosntitusiýasy we halkara hukugy” atly makalalar ýurduň Esasy Kanunynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Olarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine diňe bir konstitusion däl, eýsem halkara hukugynyň oňyn ösüşiniň häzirki zaman meýillerine laýyklykda syn berilýär.
Halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşi bolup durýan syýasy geňeşmelere hem makala bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, daşary syýasata edaralarynyň wekilleriniň yzygiderli guraýan duşuşyklary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny has anyk kesgitlemäge we derwaýys sebitleýin, halkara meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Milli Ldiderimiziň başlangyjy esasynda geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, awtor olaryň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmekde, ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolup durýan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmekde we däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigini belleýär.
Habar beriş serişdeleri ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri “Ýaş alymyň sahypasy” atly sözbaşy astynda berilýän makalalarda açylyp görkezilýär. Häzirki döwürde habarlar ulgamynyň ähmiýeti we orny ýokarlanýar. Bu bolsa habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden, öňi bilen halkara žurnalistlerinden habarlary ýygnamakda, olara syn bermekde we beýan etmekde ýokary ussatlygy talap edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde Bitarap Türkmenistan , onuň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, biziň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň halkara giňişligindäki ähmiýeti hakynda anyk we oňyn maglumatlary ýaýratmak boýunça möhüm işleri geçirmek babatda birnäçe anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda. Häzirki döwürde Türkmenistanda habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Täze gazet, žurnallar esaslandyrylýar, täze tele we radio ýaýlymlary açylýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler öz gezeginde bu pudagyň işgärleriniň öňünde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze wezipeleri goýýar.
“Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly sözbaşy bilen şu ýylyň ikinji çärýeginde bolup geçen halkara ähmiýetli möhüm wakalara gysgaça syn berilýär. Olaryň hatarynda biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki duşuşuklar we gepleşikler, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleri, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler bar. Şeýle hem bu ýerde, “Musulman dünýäsinde bosgunlar”, “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag we üstaşyr gatnawlarynyň ösüşiniň geljegi” ýaly wekilçilikli çäreler hakyndaky makalalar ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň işine dahylly Permanlarynyň we Kararlarynyň toplumy neşiriň jemini jemleýär.