Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda 20-nji awgustynda açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik esasynda milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemlerini yglan etdi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda habar berlişi ýaly, ýerli öz-özüňi dolandyryşy guramalaryna bolan saýlawlar boldy diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde, ýerlerde halk häkimýetliliginiň guramalaryna dalaşgärleriň 12 müň 309-syndan 6 müň 99 wekil saýlanyldy. Şol sanda Geňeşlere Ahal welaýatynda 1 müň 49, Balkanda 406, Daşoguz welaýatynda 1 müň 412, Lebapda 1 müň 446 we Mary welaýatynda 1 müň 786 agzalar saýlanyldy. Saýlawlar gününde ýurdumyzyň 1 müň 779 saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde ýokary işjeňlik bellige alyndy.
Halk häkimiýetliligi wekilçilikli guramalarynyň her bir mandatyna iki we ondan-da köp dalaşgärleriň gatnaşmagy saýlawlaryň demokratik we açyklyk esasynda geçirilendigini alamatlandyrýar. Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Garagaç geňeşliginiň ikinji saýlaw okrugynda ses bermek işi gaýtadan geçiriler. Çünki bu uçastokda dalaşgärleriň üçüsi hem sesleriň zerur bolan mukdaryny gazanyp bilmedi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Halk Maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakyndaky” Kanunyna laýyklykda ses bermek işi gaýtadan geçiriler.
Halkyň saýlanlarynyň köpüsiniň döwlet dolandyryş guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleridigi, oba zähmetkeşleridigi, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tejribeli hünärmenlerdigi, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň işjeň agzalarydygy bellärliklidir.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 26-njy we Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 99-njy saýlaw okruglarynda çykyp giden deputatlaryň ornuna milli parlamentarileriň saýlawlary hem geçirildi diýip ykrar edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna degişlilikde A.Göjenowa we A.Ybytow saýlanyldy.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisiniň barşynda ähli saýlaw okruglarynda saýlawyň geçirilişine gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň işleri aýratyn bellenildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw urnalarynyň açylyşyna, saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň taýýarlygyna, olaryň sanawyna, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeliginiň kesgitlenilişine, umumy jemleriň netijelerine gatnaşdylar.
Ähli saýlaw uçastoklarynyň häzirki zaman aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün edilmegi netijesinde ähli magtlumatlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara bökdençsiz ugradyldy. Saýlawlaryň dowamynda ses berişleriň netijeleri milli teleýaýlymlarynda we radiogepleşiklerde aýan edildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde Geňeşlere saýlanan agzalaryň sanawyna seredildi we ol tassyk edildi. Hereket edýän milli kanunçylygyň düzgünnamalaryna laýyklykda, ol maglumatlar ýakyn günlerde habar beriş serişdelerinde çap ediler.
Umuman, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda gadymy milli däpleriň biri hökmünde halk häkimýetliligi ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Jemgyýetçilik syýasy ulgamda ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalarynyň ornuny ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik işine halk köpçüliginiň giňden çekilmegini gazanmak milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýan meselelerdir. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ähli sebitlerde, etraplarda we ýurdumyzyň çetdäki obalarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijelliligi ýurtda döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýär.
Şeýlelikde, Geňeşleriň täze saýlanan agzalarynyň we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň öňünde ýurtda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelere we toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak wezipesi durýar. Mahlasy, watandaşlarymyzyň ynamyna örän jogapkärli çemeleşip, halkyň saýlan adamlarynyň özleriniň anyk işleri bilen mynasyp bolmaklary möhümdir.