Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanýndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan neşire taýýarlanylan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň şu ýyldaky 2-nji sany çapdan çykdy. Türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen makalalar täze taryhy eýýamda—berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlandy.
Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen güni hem-de Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iberen Gutlagy bilen açylýar. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen ýurdumyzda ylmy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanylan maslahatda eden çykyşy ýerleşdirildi.
Okyjylara hödürlenýän makalalaryň arasynda şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen «Döwlet tarapyndan gender deňligi babatyndaky meseleleri düzgünleşdirmegiň nusgasy we tejribesi» atly halkara maslahatyna bagyşlanan bölümde oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary getirildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda, deň hukuklar we azatlyklar, , erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek bilen we halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen biziň ýurdumyz esasy hukuk namalaryna, şol sanda zenanlaryň hukuklary hakynda jarnamalara we konwensiýalara goşuldy. Netijeli milli kanunçylyk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň ulgamy, degişli jemgyýetçilik guramalarynyň hereket etmegi şahsyýetiň kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramagyň maksatlaryna ýardam edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusion esaslary hakynda aýratyn makala hem şu meselä bagyşlandy.
HGHK-nyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy Iw Arnoldiniň makalasynda türkmen döwletiniň Halkara Gyzyl Haç Komiteti bilen netijeli hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berilýär.
Okyjylara şeýle hem biziň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn jähetlerde soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hakynda makala hödürlendi. Mälim bolşy ýaly, 2005-nji ýyldan başlap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýar. Bu ilkinji nobatda biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçnamalary bilen şertlendirilendir. Biziň ýurdumyzyň bu ugra ygrarlydygyny tassyklamak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň GDA-nyň agza ýurtlary bilen netijeli söwda-ykdysady, gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyjuwlydygyny öz çykyşlarynda aýdýar. Munuň özi biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýär.
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlary bilen gatnaşyklaryny emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden we deň hukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp ýola goýýar diýip bellemek bilen, awtor Arkalaşygyň ugry boýunça biziň ýurdumyzyň gatnaşan anyk çäreleri, şeýle hem bu ýerde geçirilen möhüm duşuşyklar we maslahatlar hakynda gürrüň berýär. Makalada bellenilişi ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmek we biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini görkezdi.
Neşirde ýurdumyzyň bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hakynda makalalaryň birnäçesi çap edildi. Bu milli Liderimiziň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. «Türkmenleriň durmuşynyň milli medeni-ruhy gymmatlyklary» diýen makala hem žurnalyň oykjylarynda uly gyzyklanma döreder.
Makalalaryň biri biziň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramaga, olary aýawly we netijeli peýdalanmaga, häzirki we geljekki nesiller üçin tebigy gurşawy goramaga we gowulandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlaryna bagyşlandy. Makalanyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda beýan eden başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berýär.
Neşiriň nobatdaky sany senenama bilen jemlenýär, onda abraýly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar beýan edilýär. Şu ýerde şeýle hem türkmen hünärmenleriniň hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna bolan iş saparlaryna syn berilýär.