Şu gün Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky halkara gatnawlar boýunça ýolagçylar awtoulag kärhanasy Aşgabat-Arçman-Aşgabat ugry boýunça gatnawy ýola goýdy. Säher bilen Aşgabadyň ýolagçylar awtomobil terminalyndan Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «Ýutong» kysymly amatly syýahatçylyk awtobusy bu ugur boýunça ilkinji gezek ýola düşdi.
Täze açylan bu ugruň Arçman şypahasyna saglygyny berkitmäge we dynç almaga gidýän syýahatçylar üçin däl-de, eýsem beýleki adamlar, hususan-da, Aşgabadyň ýakynynda ýerleşen obalaryň, şäherleriň, şeýle hem Gökdepe we Baharly etraplarynyň ilaty üçin hem amatlydyr. Täze ugry açan hünärmenler onuň ugrundaky ajaýyplyklary, ýolagçylar üçin açylýan tebigatyň künjeklerini, şeýle hem olaryň arasynda biziň ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň az däldigini göz öňünde tutup, bu ugry jikme-jik işläp taýýarlapdyrlar.
Şeýlelikde, paýtagtymyzyň köçelerinden we şaýollardan geçilýän mahaly häzirki döwrüň binagärlik aýratynlyklary eliň aýasynda ýaly görünýär. Awtobusly geçip barýarkaň sazlaşykly ösýän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, toý-dabaralaryň mekany bolan «Bagt Köşgi, Konstitusiýa Binasy, «Älem» medeni dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, halkara ahalteke atçylyk toplumy we beýleki döwrebap binalar göwnüňi göterýär.
Soňra awtobusuň ýoly Tebigatyň janly muzeýiniň deňinden geçip, saga öwrülýär we Babaarap obasynyň golaýyndaky halkalaýyn ýol bilen halkara ülňülerine doly laýyk gelýän Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça günbatarlygyna gönügýär. Soňra awtobusuň ýoly Gökdepe şäheriniň içinden geçýär. Bu künjek hem özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baharly etrabynda bolsa täsinlikler has-da köp. Bu künjekdäki Köwata ýerasty köli köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Aşgabat şäheri bilen Arçman şypahanasyny baglanyşdyrýan täze ugruň aýratynlyklary barada aýdanyňda ýene-de bir artykmaçlygy bellemeli. Bu ugry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite resminamasy bilen esaslandyrylan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärleri teklip etdiler. Awtobusdaky hünärmen ýolagçylary bu ugurdaky ajaýyplyklar biziň ülkämiziň gözellikleri bilen tanyşdyrýar. Bu bolsa daşary ýurtly syýahatçylara milletiň taryhy ösüşiniň daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydygyna göz ýetirmäge, türkmeniň ruhy dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Aşgabatdan 130 kilometr uzaklykda ýerleşýän Köpetdagyň gözel jülgeleriniň birinde orun tutan meşhur «Arçman» şypahanasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşynda-da uly meşhurlyga eýedir. Mälim bolşy ýaly, bu şypahana aşgazan, daýanç-hereket ediş synalaryny, deri kesellerini, nerw ulgamlaryny bejermekde giňden bellidir. Ol düýpli döwrebaplaşdyrylandan soň häzirki zaman sagaldyş merkezine öwrüldi we bu ýerde ýylyň ähli paslynda näsaglary lukmançylyk hyzmatynyň halkara derejelerine laýyklykda amatly şertlerde kabul etmäge mümkinçilik bar.
Şypahananyň esasy bejeriji usuly onuň mineral suwudyr. Mineral suwuň düzüimnde himiki serişdeleriň örän köp sanlysy bar. Arçmanyň suwy tebigatyň eçilen bahasyz peşgeşidir. Ol kükürtli, gowşak minerally we subtermal derejä degişlidir. Bu ýeriniň jana ýaramly howasy şypahananyň ýene bir aýratynlygydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ulag, şypahana-bejeriş ulgamynda bolşy ýaly, syýahatçylyk ugrunda hem durmuşa geçirýän syýasaty berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda halkyň bähbidine beýik işleriň alnyp barylýandygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan taryhy taýdan onlarça eýýamlaryň we medeniýetleriň merkezi bolmak bilen, gadymdan galan arheologik we binagärlik ýadygärlikler bilen dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly» we beýleki şypahanalar, dünýä derejeli täze dynç alyş zolaklary türkmen topragynyň özüne çekijiligini artdyrýar. Bu ýagdaýlaryň hemmesi milli buýsanjymyzyň esasyny düzmek bilen, ýakynda wagtda Türkmenistanyň dünýäniň iň iri syýahatçylyk merkezine öwrülmegini şertlendirer.