Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli geçirilýän halkara baýramçylyga bagyşlanan “Milli syýahatçylygyň ösüşi – bagtyýarlyk zamanasynda” atly maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti gurady we onda geljegi uly bolan syýahatçylygyň örän baý mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly derwaýys meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen maslahata syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, halkara hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, syýahatçylyk boýunça welaýat müdirlikleriniň we sebitleýin syýahatçylyk merkezleriniň, myhmanhana-işewürlik toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary, onuň düşewüntliligini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan anyk wezipeleriniň jähedinde düzümi döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler çärä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda täze syýahatçylyk ulgamynyň açylmagy, bu ugurdaky hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, myhmanhana hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, mahabat ulgamyny has-da işjeňleşdirmek babatda ýurduzmyzda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Häzirki geçirlýän maslahatyň işjeň häsiýete eýe bolmagy we täzeçillik meýillerini ugur edinmegi onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Şeýlelikde, bu ýerde edilen çykyşlaryň köpüsi syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna, şol sanda taryhy-arheologik, tebigy we daşky gurşaw, işewür hem-de bejerijilik ähmiýeti bolan gezelençler, maşgala bolup jahankeşdelik etmek we syýahatçylygyň suw görnüşleri boýunça täze meýilleriň peýdalanylmagyna bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri ýedi ýoluň çatrygy hasaplanýan Türkmenistanda bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur şertler bar. Biziň ýurdumyzda binagärlik ýadygärlikleriniň örän köp sanlysy bar. Olar gadymy medeniýetleriň beýik gymmatlylygyna, ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň toplumyna, şeýle hem häzirki zaman şypahana-dynç alyş ulgamynyň, myhmanhana we ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösendigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, açyk asmanyň astyndaky muzeýler adyny alan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusýa ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna umumadamzat gymmatlygy hökmünde girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başga-da birnäçe taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri şeýle abraýly sanawa girizilmäge mynasypdyr. Bu babatda taryhy hem-de medeni ýadygärlikleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nazarda tutup, olaryň goralyp saklanylmagyna we giňden wagyz edilmegine degişli meseleler ileri tutulýan wezipeler hökmünde görkezilýär. Köýtendagdaky örän owadan we täsin gowaklar bu babatda has-da ähmiýetlidir. Şeýle gowaklar bütin dünýä möçberinde has ähmiýetli tebigy ýadygärlikler hasaplanýar. Häzirki döwürde Köýtendagyň ajaýyp künjeklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky mesele möhüm bolup durýar. Onuň oňyn çözülmegi syýahatçylygyň halkara ulgamynyň ösdürilmegine netijeli täsir eder.
Häzirki döwürde ýurdumyzda içerki syýahatçylyk ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýurdumyz boýunça guralýan syýahatlara isleg barha artýar. Welaýatlaryň syýahatçylyk guramalary oňaýly dynç alşy we hyzmaty öz içine alýan Türkmenistanyň taryhy hem-de tebigy taýdan ajaýyp ýerlerine awtobusly gezelençleri yzygiderli guraýar. Bu ulgama has-da uly gyzyklanma bildirilýän sebitlerde myhmanhanalary, çaýhanalary we sowgatlyk önümleri, milli lybaslary satyn almaga, türkmen aýdym-sazlaryny diňlemäge niýetlenen ýörite dükanlary gurmak arkaly syýahatçylygyň ýörite düzümini ösdürmek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň bölümleýin mejlisi tamamlanansoň, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Milli sport we syýaahtçylyk institutynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan syýahatçylyga degişli serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman myhmanhanalary bolan “Oguzkent”, “Nusaý”, “Grant Türkmen”, “Ak altyn” myhmanhanalaryna ýöriteteşdirilen bölümler bagyşlanypdyr. Häzirki döwürde bu myhmanhanalar myhmanlara edilýän hyzmat boýunça dünýä ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýär we sebitiň ýurtlarynyň myhmanhanalary üçin nusgalykdyr. Şeýle hem sergide türkmen durmuşynyň dürli pursatlary, milli lybaslar görkezilýär. Olar etnografiki syýahatçylygy söýýänler üçin türkmen halkynyň gadymy medeni we taryhy mirasy, däp-dessurlary barada gyzykly maglumat berýär.
Ertir “Milli syýahatçylygyň ösüşi – bagtyýarlyk zamansynda” atly maslahat mowzuklaýyn mejlisler boýunça öz işini dowam eder.