Ï Hazaryň kenarynda ýaş ýyldyzlar ýüze çykarylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň kenarynda ýaş ýyldyzlar ýüze çykarylýar

view-icon 614
Şu gün Hazaryň kenarynda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda 24 ýurduň körpe wekillerini ýygnan Halkara çagalar festiwaly geçirildi.

Dostlugyň, zehinleriň we milli medeniýetleriň uly baýramçylygy dünýäniň dürli künjekleriniň halk lybaslarynyň dürli öwüşginleri bilen Awazanyň şypahana durmuşyny has-da nurana keşbe getirdi, ony aýdym-sazyň owazlary, şatlykly ýylgyryşlar, çagalaryň şadyýan sesleri bilen doldurdy.

Şu günki festiwal bu baýramçylygyň iň tolgundyryjy pursaty boldy. Ol paýtagtymyzda başlanyp we Gökderäniň çagalar dynç alyş we sagaldyş mekrezlerinde bat alyp, oňa gatnaşyjylaryň sany hem barha artdy. Dürli ýurtlardan gelen çagalar bolsa biri-birleri bilen dostlaşdylar. Soňra çagalary Awaza öz gujagyna mähirli garşylap, olaryň ygtyýaryna ajaýyp “Arzuw” we “Daýanç” dynç alyş we sagaldyş şypahanalaryny berdi.


Şu günler deňziň türkmen kenarynda ajaýyp güýz möwsümi öz hökümini ýöredýär, ýöne biziň myhmanlarymyzyň aýtmagyna görä, myhmansöýerligiň ýylysy tomus gününiň yssysy bilen bäsleşip biler. Bu ýerde çagalaryň her biri festiwalyň gala-konsertinde özüniň ussatlygyny görkezmäge, öz ýurduna mynasyp wekilçilik etmäge, onuň aýdym-sazynyň gözelligini, medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny görkezmäge, özüniň deň-duşlaryny haýran galdyrmaga we tomaşaçylaryň sagbolsunyny gazanmaga çalyşdy. Çagalar döredijilik toparlarynyň bilelikde taýýarlyk gören pursatlary hem az bolmady, şonda olar birek-birek bilen söhbetdeş bolup, täze pikirleri we kompozisiýalary ýüze çykardylar.

Çagalar döredijilik toparlarynyň käbirine eýýäm Awaza çagalar festiwalyna gatnaşmak miýesser edipdi we şoňa görä-de, olar bu ýere ýene-de gelmegi arzuw edipdiler. Çaglaryň köpüsi bu ýere ilkinji gezek geldiler. Olar Türkmenistan barada öň hem köp gowy zatlary eşidipdir.


Umumymilli festiwal hökmünde başlanan, soňra bolsa halkara derejesine eýe bolan Awaza çagalar festiwaly diňe bir giň meşhurlyga eýe bolman, eýsem ýylsaýyn oňa gatnaşyjylaryň geografiýasy artýar. Häzirki wagtda özüniň aýdyň döredijilik ýüzüne eýe bolan we dünýäniň köp ýurtlarynyň çagalaryny birleşdirýän bu iri halkara festiwaly çagalar döredijiliginiň kömegi bilen medeniýetleriň halkara gatnaşyklaryna hyzmat edýär.

Bularyň ählisi döwletiň zehinli çagalary goldamak boýunça alyp barýan syýasaty we milli Liderimiziň ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, şeýle hem medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda şeýle giň möçberli forumlary guramak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns bermegi netijesinde mümkin boldy. Munuň özi türkmen döwletiniň bütin dünýä bilen açyk gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şol gatnaşyklarda ýaş nesliň sesi aýratyn orun eýelemelidir. Eger-de biz abadan geljegimizi gurjak bolsak, ilkinji nobatda, çagalar barada pikir edip, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli tagallalary etmelidiris.


... Şu ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň guramalarynyň goldaw bermeginde guralan “Awaza” çagalar festiwaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş zehinleriň 500-den gowragyny jemledi. Bu festiwala Albaniýa, Günorta Afrika Respublikasy, Maldiwler, Iordaniýa ýaly ýurtlardan wekiller ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Awazanyň baş sahnasynda -- ägirt uly deňiz suw çüwdüriminiň golaýyndaky amfiteatrda geçirilen gala-konsert çagalaryň zehininiň we döredijiliginiň özboluşly älemgoşaryna öwrüldi. Şol agşam bu ýere köp sanly myhmanlar ýygnandylar, olaryň arasynda hökümet agzalary, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, şeýle hem Awazada dynç alýanlar, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary, ýaşlar, çagalar we hormatly ýaşulular, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.


Ägirt uly çagalar şüweleňi dürli reňkli şarlar we baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen festiwal otlusynyň sahna gelmegi bilen açyldy. Bu otly şüweleňe gatnaşyjylary getirdi. Olary garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, festiwalyň eýeleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Salam, dostlar” diýen aýdym ýaňlandy. Bu aýdyma festiwalyň ähli wekilleri öz seslerini goşdular. Çagalar forumyna gatnaşyjy ýurtlar dabaraly ýagdaýda yglan edilýär, olaryň körpe wekilleri özleriniň dillerinde Türkmenistany we tomaşaçylary mübärekleýärler.

Festiwalyň dabaraly açylyşynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara çagalar festiwalyna gatnaşyjylara Gutlagy okalýar. “Dünýäniň dürli künjeklerinden festiwala gatnaşmaga gelen çagalara güneşe baý gözel Diýarymyza “Hoş geldiňiz!” diýýärin. Bu festiwalyň dünýäniň dürli döwletlerinden gelen çagalaryň dostluk-doganlygyny, agzybirligini has-da berkitjekdigine ynanýaryn” -- milli Liderimiziň bu mähirli sözleri şu wakanyň özenine öwrüldi.


Dostluk aýdymy festiwalyň senasy bolup ýaňlanýar we körpe ýerine ýetirijiniň ajaýyp sesi hordaky ýüzlerçe çagalaryň sesleri bilen utgaşyp, aýratyn sazlaşyk döredýär. Bu aýdymyň ýakymly owazy, umumy tansdaky hereketleriň sazlaşygy, çagalaryň şadyýan keşbi – bularyň ählisinde çagalaryň birek-birege terjimesiz düşünmegi öwrenendigini, olaryň bir uly köp milletli topara öwrülendigini görkezýär. Festiwala gatnaşyjylar esasan çagalar sazçylyk we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylaryndan, dürli döredijilik öýlerinde, studiýalarda we gurnaklarda tälim alýanlardan ybaratdyr, şoňa görä-de, olar eýýäm ilkinji pursatlardan birek-birege oňat düşünmegi başardylar. Çagalaryň arasynda halkara bäsleşikleriniň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar hem az bäldir. Olara birek-birege gürrüň bermäge zady köpdür. Bilelikdäki döredijiligiň şatlygy bolsa dürli ýurtlaryň çagalaryny we ýaşlaryny has-da ýakynlaşdyrdy. Bu köp dilli baýramçylykda dürli öwüşginde “salam” we “sag bol” diýen türkmen sözleri has köp ýaňlandy. Ýöne dürli dillerde aýdylan “dostluk” sözi esasy söz boldy. Çünki, dostlugyň bar ýerinde şatlyk- şagalaň, ajaýyp aýdym-saz, joşgunly tanslar bardyr.


Bularyň ählisi Awazadaky amfiteatryň ajaýyp görnüşde bezelen sahnasynda ýaş zehinleriň joşgunly çykyşynda öz beýanyny tapdy. Albaniýanyň ýakymly aýdymlary bilen diňleýjilerini tanyşdyran ýaş artistleriň yzysüre belarussiýaly çagalar şadyýan kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Tanzaniýanyň etnografiýa toparynyň, Gazagystanyň ýaş tansçylaryndan, aýdymçylardan we sazandalardan düzülen toparynyň çykyşlaryndan soňra gyrgyzystanly ýaşlar sahna çykdylar. Diňleýjiler Günorta Afrikanyň aýdymçylarynyň topary bilen birlikde, uly depregiň owazyna bu ýurda gaýybana syýahat etdiler hem-de Koreýadan gelen toparyň kakylyp çalynýan saz gurallaryny çalmak arkaly ýerine ýetiren çykyşyny synladylar. Bir söz bilen aýdanyňda, ýaş artistleriň ählisi dürli halklaryň ýerine ýetirijilik we instrumental saz mekdepleriniň ýörelgeleriniň baýdygyny äşgär etdiler, bularyň ählisi bolsa gözellik we parahatçylyk, ýagşylyk we dostluk baradaky bitewi düşünjelere esaslanýar.


Ukrainaly aýdymçy gyzlaryň näzik sesleri owgan we türk halklarynyň aýdymlary bilen utgaşdy, Sudandan, Senegaldan, Nepaldan, Hindistandan we Pakistandan gelen ýaşlaryň joşgunly tanslary slowakiýaly toparyň ýerine ýetiren milli toý tansy, ermenistanly toparyň hyjuwly tansy, özbegistanlylaryň çykyşy we russiýaly ýaşlaryň horeografik kompozisiýasynyň estrada äheňleri bilen sazlaşykly goşulyşdy.

Festiwala gatnaşyjylaryň ählisi öz döredijiligine degişli köp zatlary görkezmek isleýärdi, şoňa görä-de olaryň köpüsi wokal-instrumental aýdym-sazlardan we tanslardan düzülen çykyşlary taýýarlady. Tomaşaçylar, şol sanda çagalar ýaş zehinleriň ählisiniň çykyşlaryna şowhunly el çarpdylar. Bu ýaş zehinleriň arasynda geljekki hakyky ýyldyzlaryň bardygyna göz ýetirmek kyn düşmeýärdi.


Türkmenistanly ýaşlar hem umumy çykyşlara özboluşly öwüşgin çaýdylar. Lebabyň özboluşly žanr boýunça çykyş edýän tanymal topary käselerde saz çalmak arkaly, daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Daşoguzly ýaş dessançylar hem öz ussatlygy bilen märäkäni haýran galdyrdy. Meşhur “Joşgun” topary we “Ak pamyk” topary “Baýramçylyk” tansyny ýerine ýetirip, tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. “Şatlyk” toparynyň sporta bagyşlanan çykyşy teatrlaşdyrylan tomaşa öwrüldi: şunda tans arkaly futbol, hokkeý, boks, tigir sürmek, göreş, suwda ýüzmek we akrobatika boýunça hereketleri synlamak bolýar. Bu tans arkaly, edil sungat ýaly, sportuň hem adamlary birleşdirýändigi, sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ýene-de bir ygtybarly köprisi bolup durýandygy baradaky pikir öňe sürülýär. Ýaşlara şol pikiri tomaşaçylara ýetirmek başartdy.

Soňra däp bolşy ýaly, küşt depdi tansy oýnaldy. Oňa festiwala gatnaşyjylaryň ählisi, hatda ýurdumyzyň ýaş myhmanlary hem goşuldylar, olar bu tans oýnalan mahalynda edilýän hereketleri dessine diýen ýaly öwrenip, türkmen dostlaryndan kem galmadylar. Bu joşgunly we geljege ýagşy umyt döredýän tans hakykatdan-da hemmeleri özüne çekýär, şunda onuň äheňleri ýaňlanyp ugranda oňa goşulmazlyk kyn düşýär.


Sahna festiwala gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary çykarylanda “Geliň, dostlar, el-ele berip şatlanalyň” ýaly sözlerden ybarat aýdym ýaňlandy.

Soňra zehinli ýaşlaryň uly möçberli gözden geçirilişiniň netijeleri jemlenip, onuň ýeňijilerine pul baýraklaryny we sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Abraýly eminleriň gelen netijesine görä, üçünji orny ermenistanly ýaşlar (“Sowak” topary) eýeledi, ikinji orna Hytaý Halk Respublikasynyň döredijilik topary we birinji orna Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden birleşdirilen uly topar mynasyp boldy.

Şunda bäsleşige mahsus ýagdaý ýaş artistlere höweslendiriji täsirini ýetirse-de, bäsleşik bu festiwalyň esasy alamaty däldir. Festiwal dürli ýurtlaryň ýaşlaryny has-da ýakynlaşdyrmak, çagalaryň döredijilik bilen bagly mümkinçiliklerini görkezmek hem-de olary beýleki halkalaryň oňat ýörelgeleri we medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin geçirilýär.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çagalar festiwalynyň taryhynda zehinliligi äşgär edilen we döredijilik bilen bagly geljegine badalga berlen çagalar az däldir. Bu festiwalyň ýene-de täze ýyldyzlary äşgär etjekdigine we zehinli ýaşlaryň döredijilik taýdan mundan beýläk-de ösüşine badalga berjekdigine söz ýok.

Şoňa görä-de bu festiwalyň esasy maksatlary zehinli ýaşlaryň döredijilik taýdan ösüşine ýardam bermek, medeniýet we sungat boýunça ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen çäklenmeýär. Ilkinji nobatda bu festiwal şunuň ýaly çäreleriň medeni taýdan özara baýlaşmaga, medeni däp-dessurlara düşünilmegine we gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýändigine hemmeleriň ünsüni çekmek hem-de häzirki döwürde dünýäde şu ýagdaýlaryň has-da möhüm ähmiýete eýedigini görkezmek üçin geçirilýär.

Çagalaryň dostlugynyň we döredijiliginiň bu baýramçylygyna gatnaşan uly ýaşlylar – festiwaly guraýjylar we tomaşaçylar, halypalar we wekiliýetleriň ýolbaşçylary, žurnalistler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň fotosuratçylary çagalaryň dünýäni özgerdýändigine örän aýdyň göz ýetirdiler. Iň esasysy bolsa, çagalar dünýäni oňatlyga tarap özgerdýärler!

Kalplardaky mähirliligiň, şadyýanlygyň, göwnaçyklygyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş artistleriň, sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň ýatlamalarynda hem-de bu ajaýyp pursatlary görkezýän suratlarda öz beýanyny tapmagy örän möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi çagalaryň döredijiligiň we zehiniň uçgunyny özünde jemleýän kalplarynda saklanyp galar hem-de olaryň sungatynda janlanyp, adamlara ýagşylygyň şuglasyny çaýýar. Şonda Awazanyň hem göz öňüne getiriljekdigine söz ýok.

... Agşam düşen çagynda ýiti çyralar bilen yşklandyrylan amfiteatr üsti çagalar bilen dolan deňiz gämisine meňzedi. Şunda ol müňlerçe yşklar bilen ýagtylandyrylan kenardan daşlaşyp, ýyldyzlara, täze açyşlara, ertirki güne, geljege tarap ugur alýan ýaly bolup görünýär.

Biziň ýaş myhmanlarymyz “Türkmenistanyň Prezidentine şeýle şatlykly we joşgunly baýramçylyk üçin alkyş aýdýarys. Myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen wagt biziň durmuşymyzda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüler” diýen sözleri biragyzdan we tüýs ýürekden aýdýarlar. Arzuwlaryň festiwalyna öwrülen çärä gatnaşanlaryň ählisine şowluluk we isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edýäris.