Türkmen metbugatynda döwürleýin neşirleriň sany barha artýar, täze žurnallar peýda bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygynyň belli-belli pudaklaryna bagyşlanan ýörite neşirlerden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän “Syýahat” žurnaly Türkmenistanyň döwürleýin metbugatynyň üstüni ýetirdi.
Syýahatçylyk, jahankeşdelik we Türkmenistanda döredilýän dynç alyş ulgamy hakyndaky maglumat - syn beriş žurnaly Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň okyjylaryna biziň ýurdumyzyň ajaýyp ýerleri, onuň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, ajaýyp haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi hakynda giňişleýin maglumat berýär. Onda syýahatçylyk hyzmatlary we bu ugur boýunça teklipler, şeýle hem häzirki zaman bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumynyň kemala gelmeginiň möhüm ugry bolan degişli senagatyň ösüşi hakynda netijeli hem-de gyzykly maglumatlary tapmak bolýar. Munuň özi myhmanhana ulgamy we medeni-dynç alyş ugurlary bilen baglanyşykly habarlardyr.
Türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän neşiriň maksady biziň ýurdumyzyň gadymy taryhyny, medeniýetini we sungatyny, özboluşly däp-dessurlaryny dünýä ýüzünde giňden wagyz etmekden, ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, syýahatçylygyň dürli ugurlaryny ösdürmekden, jahankeşdeleriň hem-de gezelenji söýýänleriň ünsüni bu ugra çekmekden, şeýle hem taryh, etnografiýa we medeni-miras bilen gyzyklanýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalyň okyjylaryna we işgärlerine iberen Gutlagy bilen açylýan bu žurnalyň birinji sanynda birnäçe maksatnamalaýyn çäreleriň ulgamyny özünde jemleýän “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy barada jikme-jik gürrüň berilýär.
Maksatnamada Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyny işjeňleşdirmegiň çäklerinde halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda mahabat-tanyşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna aýratyn orun degişlidir. Günorta Koreýanyň Ýesu şäherinde geçirilen “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň çäklerinde şunuň ýaly giň möçberli tanyşdyryş çäresi guraldy. Onda dünýä derejesine eýe bolýan ekologiýa howpsuzlygyny özünde jemleýän Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslama hödürlendi. Bütindünýä sergisinde türkmen bölüminiň işleriniň netijesi hakyndaky giňişleýin gürrüň berýän makalada bu pudagyň iň bir derwaýys ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň geljegi aýdyň beýan edilýär.
Türkmenistanda dynç alyş-şypahana ulgamynyň ösdürmek, şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmat ulgamlarynyň göwrümini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, Türkmenistanyň şypahana pudagynda innowasion ýagdaýlary höweslendirmek we onuň dünýä sagaldyş-dynç alyş ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler žurnalyň şu sanynda giňden beýan edilýär. “Mollagara” şypahanasyndan taýýarlanan makala düýpli döwrebaplaşdyrylyp, halkara derejesine çykarylan we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän şypahananyň işine bagyşlanypdyr.
Şeýle hem täze žurnal okyjylary häzirki döwürde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we onuň welaýatlardaky, paýtagtymyzdaky kärhanalarynyň hödürleýän syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrýar. Bu neşir syýahatçylyk düzümleri tarapyndan guralýan gezelençleriň, milli taryhyň sahypalary, onuň arheologiki we binagärlik ýadygärlkileri, ajaýyp tebigy künjekleri, zyýarat edilýän ýerler, şeýle hem türkmen topragynyň häzirki görnüşleri bilen tanyşdyrmak işini utgaşykly alyp barýar. Mundan başga-da, syýahat çäreleri barada doly maglumat berýän zerur aragatnaşyklar yzygiderli hereket edýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk bilen gyzyklanýan her bir okyjy žurnalda getirilen salgy boýunça telefon ýa-da Internet arkaly özüne gerek maglumaty alyp bilýär.
Birnäçe meşhur syýahatçylyk ugurlary barada has-da jikme-jik maglumat berilýär. Žurnalyň birinji sanynda Köýtendagyň tebigy ýadygärlikleri giňden beýan edilýär. Onda dünýäde seýrek duş gelýän gowaklar, ýerasty kölleri, dinozawrlaryň aýak yzlary hakynda gürrüň berilýär. Bu maglumatlar alymlaryň ünsüni özüne çekmek bilen bir hatarda, bu ýerde halkara syýahatçylyk ulgamyny döretmegiň, dünýäniň iň täsin künjekleriniň biri bolan milli tebigy seýilgähi kemala getirmegiň baş şerti bolup durýar.
Žurnalyň ähli makalalary we beýleki materiallary türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeklerinde, gözel ýerlerinde, binagärlik ýadygärlikleriniň toplumlarynda we arheologik işleriň geçirilýän ýerlerinde, şeýle hem häzirki zaman şäher gurluşyk-binagärlik toplumlarynda düşürilen owadan fotosuratlar bilen bezelipdir. “Syýahat” žurnalynyň neşirinde onuň bezegi has-da göze gelüwlidir. Bir söz bilen aýdylanda, täze neşir Türkmenistanyň syýahatçylyk ýurduna öwrülmegini üpjün edýän ähli talaplara laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda neşir edlýän “Miras” halkara ylmy-populýar žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnalyň baş maksady türkmen halkynyň baý ruhy, taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekden, Türkmenistanda umumy kanunalaýyklyklary we häzirki zaman taryh ylmynyň ösüş meýillerini hem-de onuň filosofiýa, edebiýat, şol sanda publisistika, sungaty öwreniş, durmuş ylymlary we bilimiň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri beýan etmekden ybaratdyr. Şu ugurlar žurnalyň täze sanynda hem aýdyň beýanyny tapypdyr.
“Döwletmämmet Azady” we ХVIII asyr türkmen durmuşy”, “Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri”, “Gadymy Merw—dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” ýaly halkara ylmy maslahatlaryna bagyşlanan makalalarda ylym, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly iri wakalaryň yzygiderliligi we olaryň görnüşleri barada gürrüň berilýär.
Gündogar Hazar ýakasynyň daş asyrynyň ýadygärlikleri, Oguz- türkmenleriniň däpleri, edebi golýazmalaryň nusgasynda türkmenleriň ahlak-medeni garaýyşlary, Gadymy Merwde butparazlyk hakynda we beýlekiler barada çap edilen makalalar diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, okyjylar köpçüligi üçin hem gyzykly bolsa gerek. Makalalaryň awtorlarynyň hatarynda dürli ýurtlaryň, şol sanda Yragyň, Gazagystanyň, Hindistanyň iri ylmy merkezleriniň barlagçylary, taryhçylary, gündogary öwrenijileri we edebiýatçylar bar.
Žurnalda türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň we medeni-ruhy mirasyny wagyz etmegiň has-da möhüm ugurlary aýdyň beýan edilipdir.
“Standartlar, hil we howpsuzlyk” diýen ýöriteleşdirilen ylmy-tehniki žurnalynyň nobatdaky üçünji sany çapdan çykdy. Onda halkara goşulyşmak ulgamyndaky tehniki kadalaşdyryşyň düzümleýin üýtgetmelerini we özgerişleri nazara almak bilen standartlaşdyrmagyň milli ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary beýan edilýär.
Innowasion ykdysadyýetiň, şol sanda döwlete degişli däl pudagyň ösüşiniň wezipeleri häzirki zaman maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy we ýurduň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagy netijesinde bu ulgamyň işiniň has derwaýys ugurlaryny şertlendirýär. Žurnalyň makalalarynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini, halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilişini kesgitleýän milli standartlar bazarynyň anyk synlary we çaklamalary getirilýär.
Hususan-da, döwlet standartlarynyň işläp taýýarlamalarynyň ileri tutulýan meselelerine aýratynlykda seredilýär, bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyny ähli derejelerde üstünlikli özgertmegiň özenidir.
Döwrüň talaplaryndan gelip çykýan ölçegiň bitewiligini üpjün etmekde halkara tejribesini nazara almak bilen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynyň üpjünçiligini, metereologiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça türkmen hünärmenleriniň alyp barýan işlerine bagyşlanan makala “Ölçeg ösüş bilen ugurdaşdyr” diýlip atlandyrylýar.
Şeýle hem žurnalyň täze sanynda gullugyň bölümleriniň öňünde durýan, şol sanda şu ýylky pagta hasylynyň hilini barlamak bilen baglanyşykly gündelik meseleler hem-de olary çözmegiň ugurlary barada gürrüň berilýär. Mundan başga-da, žurnalda barlaglary geçirmek we dürli materiallaryň, harytlaryň hiline baha bermek, şeýle hem howpsuz önümçiligi guramak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan önüm howpsuzlygy ulgamynda sarp edijileriň gyzyklanmalaryny we hukuklaryny goramak ýaly möhüm ugurlara jikme-jik seredilýär.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen makalalar, materiallar we hünärmenleriň öňe sürýän pikirleri standartlar nukdaýnazaryndan ýurduň sazlaşykly ösüşi we Türkmenistanyň okgunly hereketiniň depginleri barada giňden gürrüň berýär.

* * *