Ï Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmekde tebigy landşaft
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmekde tebigy landşaft

view-icon 792
Aşgabat köp on ýyllyklaryň dowamynda „gök“ şäher derejesini saklap gelýär. Bu ýerde däp boýunça dynç almak üçin epesli meýdan bölünip berilýär. Türkmen paýtagtyny ösdürilmegi bilen baglanyşykda şäher gurluşygy we durmuş abadançylygy bilen bir hatarda şäheriň çäklerinde ekologiýa ýagdaýynyň meselelri, „gök“ zolaklary köpeltmek we olar bilen şäheri bezemek meseleleri deň hatarda çözülýär. Gülläp ösýän Aşgabadyň Köpetdagyň dag gerişleri bilen dünýäniň iň köp çägeli çölleriniň biri bolan Garagumyň arasynda ýerleşýändigine Türkmenistana ilkinji sapar gelýän syýahatçylara ynanmak kyn bolýar.

Etrap we paýtagt häkimlikleriniň, aşgabadyň bagbanlaryny ösümlik materiallary bilen üpjün edýän ähli ýyladyşhana hojalyklary ygtyýaryna berilen Jemagat hojalygy ministrliginiň nünärmenleri ýakyn hyzmatdaşlykda işleýärler. Bu bolsa baglaryň bezeg görnüşleriniň we gyrymsy ösümleriň, gülleriň onlarça görnüşlerinden ybaratdyr.Aşgabat şäher häkimliginiň baş bagbany Döwletmyrat Amandurdyýewiň belleýşi ýaly, paýtagtyň alym-agrotehnikleri we bagbanlary möwsümleriň dowamynda howanyň üýtgäp durmagyna çydamly ösümlik materiallaryny öýlap tapmak işlerini dowam etdirýärler.


Türkmen agroinženerleri şahsy taslamalaryny oýlap tapýarlar we durmuşa ornaşdyrýaralr. Bu gögeriş ukyby boýunça synagdan geçirilip, birnäçe ýylyň dowamynda dürli şertlerde synag edilýär. Şondan soňra bolsa, durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň bagbanlary gök zolaga öwürmek ýörelgesini binagärligiň, arassa seýilgäh nyşanlary bilen utgaşdyrylmagy, gök zolaklaryň ýaýbaňlygyny we gerimliligini suw çüwdürimlerin bilen we dynç alyş ýerleri bilen utgaşdyrylmagy ugrunda çalyşýarlar. Öňde edilmeli işler örän köp, ilkinji nobatda aşagbadyň her bir täze gurluşygynda diňe bir gaýtalanmajak bezegi döretmän, eýsem el zähmetini köp talap edýän owadanlygy ýokary derejede saklamak wezipesi hem durýar.

Paýtagtda eýýäm „gök adajykly“ baglaryň we gülleriň ösüp oturan ýerleri az dälidr, olaryň sany barha köpelmek bilen. Olar kiçi suw çüwdürimli ekzotiki baglardan ybaratdyr, ösümlik dünýäsiniň „adajyklary“ myhmanhanalaryň şäheriň gözelligine syn ediş meýdançalarynda, birnäçe gata barabar bolan şaglawuklarda, teatrlara we muzeýlere alyp barýan basgançaklarda gurulýar. Muňa paýtagtyň bäş ýyldyzly „Oguzkent“ myhmanhanasynyň öňündäki özboluşly gök meýdança hem şaýatlyk edýär.


Kese we dikligine gurulan emeli landşaft öz taryhyny Semiramidanyň meşhur asma baglaryna alyp barýar. Häzirki bagbanlaryň ýerine ýetirýän „ýeriň üsstünden ýokarlygyma tarap“ işleri santimetrläp ölçär ýaly däl: olary ýönekeý hasap hereket etdirýär. Görlüp oturylsa, binanyň töwereginiň gök baglyga bürelmegi ekologiki ölçegleri gowlandyrmakdan başga hem köp amatlyklary döredýär. Meselem, binanyň umumy ýylylyk geçirmeüligi artýar, ýagny bina howanyň üýtgäp durmagyndan az zyýan çekýär. Binanyň gök ösümliklere bürenmegi hem günüň ýiti şöhlelerinden, hem ýagyndan goraýar, netijede ýagyş möwsüminde şäheriň lagym ulgamyna düşýän agramy azaldýar. Mundan hem başga, ýerde ýetmeüçilik edýän halatynda, dynç alyş ýerlerini gurmak üçin örän gowy peýdaly meýdança emele gelýär. Şu nukdaý nazardan şäher „dikliklerini“ – diwarlary, haýatlary, ýolaryň eňňitlerini göklüge büremekde hem talaba laýyk gelýär.

Az gatly binalary saýalyga öwürmekde gök baglyga öwürmek üçin bizde ösümlikleriň birnäçe görnüşi bar. Adatça bolşy ýaly, olar gülleýän gyrymsy ösümliklerden we wýunlarda, ýyrmaşyp ösýän ösümliklerdir: tkomalardan, gyz üzümlerinden, üçgatdan, roza güllerinden, lunariýalarada, dürli görnüşli çyrmaşyklardan ybaratdyr. Ilikbaşda olara agrotenmiki çäteleri köp geçirmeli bolýar, ýöne soňra olary şahsy binagärlik gurluşa laýyklykda bezeg ösümligi hökmünde ösdürip ýetişdirip bolýar.

Gül ekilýän we beýleki ýerleri bezemäge, şäheri gülleriň bark urýan hoştap ysyndan doldurmaga yzygiderli çalyşýan bagbanlaryň kyn hem-de köp zähmeti talap edýän işleri adamlara şatlyk we ruhubelentlik paýlaýar. Ýörite möwsümleýin ekmäge niýetlenen kesgitli saýlanyp alynýan ösümlikleriň görnüşleri bar – näzijek petuýalarryň ornuna sowuga çydamly hrizantemalar ekilýär, häzir bolsa gül ekilýän ýerlerde bezeg üçin ekilýän kelemiň owadan ýapraklarynyň topbagy bezeýär.... Aşgabatlylaryň iň gowy görýän gülleriniň biri hem tä sowuk urýança güllemegini dowam etdirýän roza gülleridir.


Her hili owadan baglar we güller bilen bezelýän täze seýilgählerde guşlaryň sany hem barha köpelýär. Häzirki wagtda guşlaryň şäheriň seýilgählerindäki sany Köpetdagyň etegindäki tebigy ýerlerindäki sanyndan epesli köpdür. Bu bolsa guşlaryň şäherdäki seýilgählerde ýaşamak üçin özleri üçin has oňaýly ýerleri tapandyklaryna şaýatlyk edýär.

Türkmen bagbanlary şäheri bagy-bossanlyga öwürmekde özlerinde bolan we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini durmuşa ornaşdyrýarlar.