Şu gün Türkmenistan milli baýramyny —Bitaraplyk gününi belleýär.Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda milli senenamanyň bu şanly senesi mynasybetli dabaralar geçirildi.
Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriniň birinde -- Türkmenistanyň we tutuş türkmen halkynyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ýagşylygyň ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hasaplanýan Bitaraplyk binasynyň ýanynda başlandy.
Bu belent binanyň öňündäki meýdança ählihalk baýramçylyklary mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýerde hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.
Bitaraplyk baýramy – munuň özi ajaýyp, röwşen we şadyýan baýramçylyk bolmak bilen, döwlet Garaşsyzlygynyň many-mazmunyna we ähmiýetine çuňňur düşünilmegine, ýaşlarymyzy watançylyk we belent ahlaklylyk ata Watanymyza buýsanjyň ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplygyň uly baýlykdygyny we biziň öňe tarap ynamly gadam urmagymyzy şertlendirýändigini hem-de ynsanperwerlige we parahatçylykly ýaşaýşa mahsus ýörelgeleri dabaralandyrýandygyny, kuwwatly döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny we mertebisini artdyrýandygyny belleýär.
17 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Rezolýusiýany kabul etdi, şoňa laýyklykda türkmen döwleti deňi-taýy bolmadyk halkara -- ukuk derejesine – hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Waşgtyň geçmegi bilen diňe bir biziň ýurdumyzyň däl-de, tutuş halkara bileleşiginiň durmuşynda täze eýýamyň başlanandygyny alamatlandyran bu şanly senäniň ähmiýetiniň uludygy has doly tassyklanýar. Türkmen Bitaraplygynyň ozal bar bolan nusgalardan hil taýdan tapawutlanýan nusgasynyň döredilmegi dünýä diplomatiýasynyň taryhynda täze ädime öwrüldi.
Öz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bu ýokary derejesini parahatçylyk dörediji döwletdigini äşgär edip, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlary, anyk ädimleri bilen subut edýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda bolup geçen wajyp waka – BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Şol waka türkmen döwletiniň parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan syýasatynyň milletleriň bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegini alamatlandyrdy.
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde geçirilen “Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy: parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslary” atly halkara maslahat dünýäniň syýasy we jemgyýetçilik toparlarynyň arasynda giň seslenme döretdi, bu maslahat şol Merkeziň açylmagynyň 5 ýyllygyna hem-de türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmen döwletiniň Baştutany giňişleýin çykyş edip, Bitaraplygyň milli bähbitleriň, ählumumy howpsuzlygyň we ösüşiň özara baglanyşygyna esaslanýan baş ýörelgelerini täsirli beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz biziň saýlap alan Bitaraplygymyz Türkmenistanyň halkynyň özboluşlylygyna, taryhy we medeni däplerine, şeýle hem özüniň geografiki ýerleşişini we serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň ýüzbe-ýüz bolýan anyk ýagdaýlaryna sazlaşykly laýyk gelýän nusga boldy diýip belledi.
Bitaraplyk ugry we onuň esasyna goýlan ýörelgeler bize parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak hem-de sabyr-takatlylyk ýaly binýatlaýyn ölçeglere eýermäge mümkinçilik berýär. Bu ölçegler iş ýüzünde Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar.
Wagt Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň parahatçylyk we howpsuzlyk şertlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň uzakmöhletleýin maksatlaryna hem-de dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllarda ýurdumyz özüniň Bitaraplygynyň diňe bir belent we hormatly dereje bolmak bilen çäklenmeýändigini iş ýüzünde äşgär etdi. Türkmenistan ösüş babatda özbaşdak ýoly saýlap almak arkaly, özüniň daşary syýasatdaky konsepsiýasynyň Bitaraplyk strategiýasynyň esasy özenini düzýändigini yglan etdi. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesini durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin ulanýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän halkara derejesinde uly möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär hem-de özüniň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam bilen bagly mümkinçiliklerini ýokary hilli durmuşy üpjün edýän döwletleriň hataryna basym goşulmak üçin peýdalanýar.
Bitaraplyk türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna ýardam berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde türkmen döwletiniň işjeň ýagdaýda ýöredýän daşary syýasatdaky ugry tutuş adamzat tarapyndan oňlanýar. Türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ähli ýurtlar hem-de Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde ygtybarly binýat bolup durýar. Türkmen paýtagtynda abraýly halkara düzümleri we ilkinji nobatda BMG bilen bilelikde uly forumlaryň we wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylar Bitaraplyk gününi ruhubelentlik bilen belleýärler, bu baýramçylyk ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk dörediji ugruna ygrarly bolmagynyň nyşany hasaplanýar. Ýurdumyz dünýädäki ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşýar. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.
Adamzadyň has gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek we dabaralandyrmak parahatçylygy, birek-birege düşünişilmegini we dostlugy ileri tutýan halkymyzyň asylly ýörelgesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlagynda şeýle diýilýär: “Bu gün oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginiň çäklerinde hem syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda halkara tagallalaryny has-da rowaçlandyrýar”.
Ýurldumyzyň ähli künjeklerinde Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary guraldy.