Şu gün Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna girişildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna, şeýle hem BMG-niň 2005-2014-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan ýurtlarda
ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek baradaky çözgüdine laýyklykda, biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylary 12 günüň dowamynda – 15-26-njy dekabr aralygynda öz öýlerinde ýa-da ýörite hasaba alynýan ýerlerde hasapçylaryň soraglaryna jogap bererler.
Ilat ýazuwynyň maksady “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe göz öňünde tutulan ähli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi we mundan beýläk-de jemgyýetçilik ösüşiniň öňünden çaklanylmagy üçin zerur bolan ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografiýa düzümi, durmuş şertleri barada jikme-jik maglumat almakdan ybaratdyr.
Bu çäre Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, geljekki uzakmöhletleýin taslamalar üçin ygtybarly binýady we şonuň bilen bir wagtda hem gazanylan üstünlikleriň jemlemesi bolmalydyr.
Şu gezekki ýazuwyň esasy aýratynlygy ilat ýazuwy bilen bir hatarda, Türkmenistanda ilkinji gezek ýaşaýyş jaý gorunyň hem ýazuwynyň geçirilýänligidir.
Şonuň üçin hem, ilat barada maglumatlar toplamak, şeýle hem ilat ýazuwynyň jemlerini seljermek bilen baglanyşykly işleriň möçberi ep-esli artar. Tassyklanylan düzgünnama laýyklykda, hasapçy ilki bilen ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerine degişli – ýaşaýyş jaýynyň görnüşi, abadanlaşdyrylyşy, kime degişlidigi, öý hojalygynyň näçe otagy eýeleýändigi, umumy we ýaşaýyş meýdany baradaky meselelere degişli maglumatlary anyklaşdyrar. Ondan soňra bolsa, hasapçy öý hojalygynyň her bir agzasy baradaky maglumatlary – jynsy, ýaşy, raýatlygy, milleti, haýsy dilleri bilýändigi, bilimi, maşgala ýagdaýy, çagalarynyň sany, bir öýde bile ýaşaýanlaryň garyndaşlyk derejesi, doglan we ýaşaýan ýeri, ýaşamak üçin serişdeleriň çeşmeleri, iş bilen üpjünçiligi we beýlekiler baradaky maglumatlary ýazyp alar.
Ýazuw geçirilende Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ähli adamlar (raýatlygyna garamazdan), wagtlaýyn başga ýere gidenler hem hökman hasaba alynmagyna degişlidir. Raýatlar hemişelik (adaty) ýaşaýyn ýerleri boýunça hasaba alynýar. Onuň ýaşaýan ýeriniň ýazgyda duran salgysy bilen gabat gelmegi hökman däldir.
Ozal habar berlişi ýaly, sentýabr aýynda ýurdumyzyň etraplarynyň 28-siniň barmasy kyn uzak ýerlerde we maldarçylyk öri meýdanlarynda ýerleşýän ilatly ýerleriniň 365-sinde ýazuwyň biriji tapgyry geçirildi. Şeýle çözgüt şol ilatly ýerleriň etrap merkezlerinden has uzaklarda ýerleşýändikleri we tebigy howa şertleriniň aýratynlyklary, olara barýan daglyk we çöllük ýollaryň çylşyrymlylygy bilen baglanyşyklydyr.
Şu günki başlanylan hasaba alyş çäresi ýörite okuwlary geçen adamlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki binalara baryp görmek bilen gürrüňdeşlik esasynda ýörite ýazuw kagyzlaryny doldurmak arkaly geçirilýär. Bu işe statistika edaralarynyň işgärlerinden başga-da, mugallymlar, saglygy goraýyş işgärleri, etrap häkimlikleriniň, geňeşlikleriň wekilleri hasapçylar hökmünde gatnaşýarlar.
Olary ýörite ilat ýazuwynyň nyşanynyň şekili bolan portfeli, şahsy suraty ýelmenen we möhür basylan döşüne dakylan şahadatnama hem-de ýörite ýazgy kagyzlary boýunça tanamak bolar.
Eger-de hasapçy özünde bellenilen çäkde ýaşaýan raýat birinji gezek öýünde duşup bilmese, ol ýene-de hökman gelmelidir, şeýle hem ýazuw baradaky maglumatlar hem-de iň ýakynda ýerleşýän ýazuw geçiriş nokady barada maglumatlar bolan ýazgyny goýmalydyr. Türkmenistanda ýazuw geçirilýän bölümleriň 700-e golaýy döredildi. Olar ýazuw geçirilýän döwrüň tutuş dowamynda sagat 8.00-dan 21.00-a çenli işlärler. Olaryň salgylaryny we telefon belgilerini merkezi we ýerli gazetlerde çap edilen maglumatlardan anyklap bolar. Ähli maglumatlar ilatyň dilden beren jogaplaryndan ýazylyp alynýar we ýaşaýjylar hiç hili resminama görkezmäge borçly däldir.
Bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen etrap we şäher häkimlikleriniň ýanynda zerur bolan ähli enjamlar hem-de degişli resminamalar bilen üpjün edilen ýörite utgaşdyryjy merkezler dörelildi.
Ýazuw geçirilende toplanylan maglumatlar Aşgabatda ýerleşýän ýörite kompýuter merkezinde ýazuw kagyzlarynyň üstünde işlemek arkaly jemleniler. Şondan soňra ähli maglumatlar bir bitewi maglumatlar gorunda toplanylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde belleýşi ýaly, Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmekde ähmiýeti örän uly bolar. Ilat ýazuwy geçirilende alnan maglumatlar milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmegiň öňünden çaklamalary we uzakmöhletleýin maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda, Döwlet büujeti düzülende göz öňünde tutular. Şol maglumatlar şeýle hem täze maýa goýumlaryny çekmekde uly ähmiýete eýedir. Olar maýa goýujylara ýurdumyzyň işçi güýji we sarp ediş bazarynyň esasy taraplary baradaky halkara standartlaryna laýyk gelýän maglumatlary hödürlemäge mümkinçilik berer. Bu örän möhüm çäräniň üstünlikli geçirilmegi köp babatda oňa degişli edaralaryň we guramalaryň hemmesiniň hem-de ilatyň jogapkärçilikli çemeleşmegine baglydyr.
Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmagy meýletinlik ýörelgelerine esaslanýar. Şonuň bilen birlikde hem her bir adam bu çäräniň uly jemgyýetçilik ähmiýetine göz ýetirip, raýatlyk jogapkärçiliginden ugur alyp, özüniň ýazuwa gatnaşmagynyň möhümdigine düşünmelidir.
Ilatyň we hasapçylaryň arkalaşykly işlemegi özara ynama hem-de hyzmatdaşlyk gatanaşyklaryna esaslanmalydyr. Bu çäräniň maksadynyň durmuş syýasatynyň, düzümleriň ösüşiniň, ykdysadyýeti dolandyrmagyň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sebit we milli maksatnamalaryň düzülmeginde hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginde esas bolup hyzmat etjek degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça doly we ygtybarly maglumatlary almakdan ybaratdyr.