Ï Ak mermerli paýtagtyň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ak mermerli paýtagtyň geljegi

view-icon 601
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat häzirki wagtda beýik daglaryň şahalarynyň we äpet çöllügiň aralygynda ýerleşen ykdysady we medeni durmuşyň jemlenen iri merkezine öwrülýär. Häzirkizaman ulag-şaýollar infrastrukturasy-Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan şaýollary, Atatürk we Oguzhan köçeleri gurluşyk meýdanynyň esasyny düzüp, paýtagtyň merkezini şäheriň gündogar etekleri bilen birikdirdiler hem-de şeýlelikde paýtagtyň bu ýeriniň durkuny tutuş täzelediler.

Ak mermere beslenen Aşgabadyň geljegi barada paýtagtyň baş arhitektory Baýram Şamyradow şeýle gürrüň berdi: Aşgabat tebygy gurşawdan daşlaşdyrylman, bolan meýdanlarda gurulýar. Şäher gurluşyk işi bilen bagly bolan beýikli-pesli ýerleriň ýagdaýlaryny hasaba almaklyk bilen alyp barýarys. Bu ýagdaýlar aüratynlykly binagärlik döredip, sazlaşykly düzümleri döretmäge mümkinçilik döredýär. Dag eteklerine tarap ýokarlygyna süýşýän paýtagtyň görnüşi diýseň täsirli görünýär. Meýdanlaryň beýikli-pesli bolup üýtgäp durmaklygynyň hasabyna biz şäheri synlanymyzda owadan görnüşleri, ýagny dürli taraplardan we dürli ýerlerden seredeniňde şäheri dürli beýiklikli, birsydyrgyn sazlaşykly binagälik žanrynyň gutarnykly eserini görmeklige mümkinçilik aldyk.


Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň durkunyň täzelenmeginiň hasabyna şäheriň dag eteklerine tarap ösdürilmegine ýardam berdi. Men olary howany arassalaýan öýken diýip aýdasym gelýär. Şaýollarynyň durkunyň täzelenmeginiň netijesinde agşamky we ir säherdäki şemallaryň hasabyna paýtagtymyz günortadan demirgazyga tarap ýel çaldyryp durýar. Köpetdagyň gerişleri özboluşly howany sazlaýjy bolup hyzmat edýär. Bir tarapymyzyň çöl, beýleki tarapymyzyň dag bolany üçin biz arassa howada ýaşaýarys. Bizde howany zaýalap, şäheriň howasyna zeper ýetirýän goýy we gurumly tüsse ýok.

Öz binagärliginiň ajaýyplygy bilen tapawutlanýan medeni –işewür Aşgabat-siti Arçabil şaýolunda emele gelýär. Ýörite taslamalar esasynda birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň , okuw, ylmy we medeni merkezleriň gurluşyklary tamamlandy. Dag eteklerini gurmaklyk Arçabil şaýoluna parallel duran Çandybil şaýolunyň ugrunda hem alnyp barylar. Arçabil şaýolunyň ugrunda administratiw binalaryň we jemgyýetçilik zolaklaryň guluşygy dowam eder. Köpetdagda lyjada typmaklyk üçin trassanyň gurluşygyna başlanar. Köpetdagyň eteklerinde bolsa syýahatçylyk we sport bazalary gurlar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda 13-14-nji ýaşaýyş jaý toplumlaryň gurluşygynyň meýilnmalaşdyryş işleri dowam edýär. Taslamaçylaryň niýetlerine görä bu ýerde ýokary derejeli talaplara gabat gelýän şäher gurşawy dörediler. Onuň giňişleýin göwrümli gurluşy we meýilnamalaşdyrylan çözgütleri häzirki zaman administratiw we jemgyýetçilik binalary ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary we ösen durmuşy infrastrukturany öz içine alar.


Bu ýerde adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaklyk üçin amatly şertleri döretmek hökmanydyr. Bizde mysal hökmünde birnäçe öýleriň töwereginiň amatlylyklarynyň dörediliöini görkezmäge mümkinçilik bar. Meselem, nebit-gaz ulgamynyň öýleriniň töwereginde döredilen ýaşyl zolak daş töwerege gözellik çaýyp, bagtyýar ýaşaýşyň şuglasyny daş-töwerege ýaýýar.

Biz demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara uzaýan dürli görnüşli uly magistrallarda swetoforsyz, bökdençsiz berjaý edilýän çylşyrymly ýol hereketi üçin täze has kämilleşdirilen awtoýollary, häzirkizaman köprüleri we estakadalary, ýerasty geçelgeleri we awtoduralgalary gurmaklyga aýratyn üns berýäris. Uly şäherlerde ulag boýunça mesele çykmazlygy üçin binagärlere we taslamaçylara 50 ýyl öňüni görüp, paýtagtyň ulag infrastrukturasynyň nahili bolmalydygyny çaklamalydyrlar.

G. Kulyýew köçesiniň ugrunda çylşyrymly ýol hereketini ýeňilleşdirmeklik üçin guruljak ulag ýollary köçäniň tutuş durkuny täzelär.

Paýtagty ösdürmegiň täze strategiýasy şäher ýol –ulag ulgamyna aýlawly ulag ýolunyň işjeň goşulyşmagyny göz öňünde tutýar. Aýlawly ulag ýoly beýleki ýollardan ep-esli howpsuz bolup, onuň kömegi bilen ulag akymyny ýeňilleşdirip, tranzit daşaýyşlary amala aşyrýan uly ýük awtoulaglary şäher daşyna çykarmaklyk başartdy.

2017-nji ýylda ýapyk binalarda Aziýa oýunlaryny geçirmeklik bilen baglylykda paýtagtyň öňünde aýratyn wezipeler dur. Şu günlerden başlap ulagyň üerleşjek ýeri, türgenleriň we janköýerleriň ýaşajak ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmeli. Şu maksat bilen awtoulagy saklamaklyk üçin köp gatly ýerler, myhmanhanalar, gurulýar, injenerçilik torlar kämilleşdirilýär.

Paýtagty gurmagyň esasy özeni adamlaryň ýaşaýşy äçin has oňaýly şertleri döretmekligi göz öňünde tutýar diýip aýdyp bolar.