Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanyndaky telekeçiler mekdebinde hünär taýýarlygyň sanawyny täze bäş sany ugur boýunça köpeldi.
Häzirki wagtda Telekeçiler mekdebinde oba hojalyk ulgamynda gerek bolan hünärleriň öňki sanawy bilen bilelikde dil öwrenmek(türkmen, iňlis, fransuzdilleri) boýunça okuwlar açyldy. Hyzmat ediş ugry hem bu mekdepde öz mynasyp ornuny tapdy. Mundan bu ýana bu mekdepde daşky egin – eşigiň biçimçisi we tikinçisi, bezegçi (jaýyň içki bezegi, daşky bezeg, floristika ) ussat aşpez-konditer, otag hyzmatyny etmek, ofisiant ýaly kärleri hem ele alyp bolar.
Umuman alanyňda Telekeçiler mekdebi öz diňleýjilerine 27 ugur boýunça hünär berip bilýär, üstesine-de şol ugurlar boýunça gysga hünär kämilleşdiriş okuwlaryny hem gurnalýar. Okuwy tamamlan diňleýjilere döwlet nusgaly şahadatnamalar gowşurylýar.
Şu hünärleriň birnäçesi boýunça Telekeçiler mekdebiniň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatyndaky şahamçalarynda hem okuwlar geçirilýär.
Telekeçiler mekdebiniň ýolbaşçylary mekdepleri açmakda we zerur bolan häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün etmekde göniden – göni Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly ýardamyny bellediler.
Ýakynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebinde „Emir-Ussa“ hususy kärhanasynyň hünärmenleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary gurnaldy. Bu ýörite okuw sapaklary Türkmenistanyň Prezidentiniň „Ýurdumyzyň welaýatlarynda suw arassalaýjy kiçi desgalary gurmak“ baradaky kararyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde gurnaldy.
Bu okuw Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrliginiň we „Emir-Ussa“ hususy kärhanasynyň başlangyçlary bilen geçirilip, ol okuwlar : gije-gündiziň dowamynda 100-den 250m3 kuwwaty bolan enjamlarda arassa agyz suwunyň önümçiligi, ammarlarda we gaplarda suwy saklamaklygyň tehnologiýasy, ilata içilýän agyz suwuny göýbermek ýaly temalarda alnyp baryldy.
Nazaryýet taýýarlygy okatmagyň häzirki zaman interaktiw görnüşleri bilen üpjün edilen we baý görkezme esbaplary bolan Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň bazasynda gurnaldy. Tejribe okuwlary barada aýdanymyzda bolsa, olar ýerli kärhanalarda tehniki ulgamlary we olary ulanmaklyk usullary esasynda amala aşyryldy.
Okatmagyň bu görnüşi tejribeçiligiň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Sebäbi bu okuwlarda kiçi görnüşli suwy süýjediji gurluşlaryň tehniki we tehnologiki aýratynlyklaryny, olary ulanmaklygyň usullaryny, şeýle-de tehniki howpsuzlyk kadalaryny we arassaçylyk kadalaryny öwrenmňge mümkinçilik döredýär.
Bu okuwlarda otuzdan gowrak hünärmenler taýýarlyk geçip, olar Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň oba ýerlerinde işleýän agyz suwy önümçilik kiçi kärhanalaryň işi bilen aýdyň tanyşdylar.
Türkmenistanyň döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň mugallymlary , Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministrliginiň hünärmenleri we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebiniň öz mugallymlary bu okuwlarda öz bilimlerini gaýgyrmadylar. Okuwy tamamlan diňleýjilere dabaraly ýagdaýda degişli şahadatnamalar gowşuryldy.