Biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda birnäçe möhüm düzümleriň, şol sanda Milli kanunçylygy kämilleşdirmek baradaky döwlet toparynyň hem-de Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň döredilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmaga, kuwwatly hukuk döwletini gurmaga tarap alan ugrunyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
9-njy noýabr – 7-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň birbada dört welaýatynda Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň açylmagy hem geçip barýan ýylyň soňky aýlarynda bu ugurdaky möhüm wakalaryň biri boldy. Şol merkezler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň – Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň binýatlarynda açyldy. Adam hukuklary barada maglumat merkezleriniň açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, şeýle merkezleriň ilkinjisi 2011-nji ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda döredildi.
Şeýlelikde, şonuň ýaly Merkezleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket etmegi biziň ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şol hyzmatdaşlyk BMGÖM-niň, Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň “Adam hukuklaryna ýardam etmek we goramak boýunça Türkmenistanyň milli potensialyny pugtalandyrmak” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Ilatyň hukuk bilim derejesini ýokarlandyrmak, degişli maglumatlara elýeterliligi artdyrmak taslamanyň esasy maksady bolup, halkara standartlaryna laýyklykda adam hukuklaryna ýardam etmek we olary goramak boýunça milli mümkinçilikleriň berkidilmegine gös-göni hyzmat edýär. Maglumat merkezleri adam hukuklary babatda ilatyň giň gatlaklary— tejribe toplaýan hukukçylar, ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary we beýlekiler üçin ýöriteleşdirilen edebiýatlara we elektron serişdelerine eýedir.
Merkezleriň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylmagy adam hukuklary we azatlyklary barada BMG-niň esasy konwensiýalaryny tassyklan türkmen döwletiniň yzygiderli ädimleriniň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ädimler biziň ýurdumyzyň kabul edilen möhüm resminamalary gyşarnyksyz amala aşyrmak boýunça öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň ýolunda ädildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, degişli ugurda umumy ykrar edilen halkara standartlary we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen milli kanunçylyk - hukuk binýadynyň berkidilmegi we kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna doly gabat gelýär. Şol syýasatyň esasynda bolsa, türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik maksatlary, onuň gadymdan gelýän demokratik däpleri we ykrar edilen umumadamzat gymmatlyklary goýuldy.