Iň nurana umyt-arzuwlary hasyl edip, Täze ýyl gelip ýetdi. Täze ýyly garşylamak ýakymly duýgularyň hem-de täsirleriň ertekä çalymdaş ýatdan çykmajak baýramçylygyna öwrülýär.
Ýurdumyzyň Baş arçasy paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançanyň esasy bezegine öwrülmek bilen özüniň yşyklary hem-de özboluşly bezegi bilen öwşün atdy. Onuň ýanyna Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna goşulmak maksady bilen müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Täze ýyl baýramçylygy ululara-da, çagalara-da şatlyk hem-de bagtyýarlyk eçilýär. Ýurdumyzyň çar künjeklerinde oturdylan belent başly arçalaryň ýanynda, şäherlerimiziň we obalarymyzyň baş meýdançalarynda estrada artistleriniň, çeper höwesjeňleriň we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan çykyşlar we konsertler ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk şadyýan çagalara şatlyk eçilýär. Çagalar bu baýramçylykdan ertekilerdäki täsinlikleri, arzuwlaryň amala aşmagyny isleýärler. Özüniň dürli dabaralary, sazly hem-de teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen täze ýyl baýramçylyklary ýurdumyzyň çagalar baglarynda, mekdeplerinde, teatrlarynda we medeniýet merkezlerinde giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy.
Ösüp barýan ýaş nesilleriň ruhy taýdan gözýetimleriniň giňelmegi we döredijilik ukyplarynyň açylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Çagalaryň bagtly hem-de sazlaşykly ösmegi ýurdumyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki döwürde Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman mekdepleriniň, mekdebe çenli çagaar edaralarynyň, sport meýdançalarynyň we stadionlarynyň, medeni-dynç alyş merkezleriniň ençemesi guruldy we olaryň gurluşygy yzygiderli dowam etdirilýär. Hazaryň kenarynda hem-de Gökdere jülgesinde dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň çagalary üçin ajayýp sowgat boldy. Şeýle hem Aşgabadyň etegindäki gözel künjekde haýwanat toplumy - Janly tebigatyň milli muzeýi guruldy. 2012-nji ýylda açylan we binagärlik keşbi hem-de tehnologik taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça örän täsin “Älem” medeni-dynç alyş merkezi çagalaryň hem-de ulularyň iň bir gelim-gidimli we söýgüli künjegine öwrüldi.
Aýazbabadan we Garpamykdan sowgat alan çagalaryň baýramçylyk mynasybetli Täze ýylyň öňüsyrasynda guran dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Olarda söýgüli baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabaralary Täze ýylyň başlanmagy bilen hem dowam etdi. Häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş pursatlary bolmak bilen, bu döwür ajaýyp çykyşlar, özboluşly duşuşyklar, täze tanyşlyklar hem-de täsirler bilen doly boldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde paýtagtymyza Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşmaga gelen çagalar üçin şu gün Täze ýyl baýamçylygynyň medeni maksatnamasy hödürlendi. Ol “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänleriň okuwda we dynç alyşdy has tapawutlanan, ders olimpiadalarynda ýeňiş gazanan, döredijilik hem-de sport bäsleşiklerinde, şol sanda halkara ýaryşlarynda baýraga mynasyp bolan okuwçylar çagyryldylar. Gyşky dynç alyş günlerinde “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde we beýleki baýramçylyk dabaralarynda çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary bilen duşuşyklar guralar. Şeýle dabaralar paýtagtymyzyň teatrlarynda, kinokonsert merkezlerinde, sirkde, şeýle hem Gökderedäki sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň ähli şäherlerinden we welaýatlaryndan ýaşajyk türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşar.
“Älem” medeni-dynç alyş merkezinde karnawal tanslary, şadyýan oýunlar, bäsleşikler, şeýle hem gözbagçy bilen duşuşyk geçiriler. Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk, 2013-nji ýylyň baş nyşany bolan paýhasly ýylan hem-de gurjak filmleriniň söýgüli gahrymanlary bilen çagalaryň duşuşyklaryny gurarlar. Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz” tans toparlary, Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynyň, Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmen döwlet sirkiniň şadyýan masgarabazlary, gimnastlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň joşgunly artistleri ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Çykyşlar tamamlanansoň, dabara gatnaşyjylar Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň ugratmagynda ajaýyp merkeziň içine aýlanyp gördüler we birnäçe oýunlara, kompýuter dünýäsiniň başdan geçirmelerine gümra boldular.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan körpeler şu pursatlardan ýakymly ýadygärlik hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan sowgatlara mynasyp boldular. “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hem milli Liderimiziň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen okuwçylaryň gyşky dynç alyş günlerini geçirmeli künjegi bolan Gökdere jülgesinde hem baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürdi. Bu ýerde 2-nji ýanwarda asylly däbe görä Aşgabatdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançadan ugradylýan çagalar toparyny garşylaýyş dabarasy bolar. Olar üçin ýörite medeni-dynç alyş maksatnamasy düzüldi. Oňa laýyklykda meşhur estrada artistleri, çeper höwesjeňler, teatr we sirk artistleri, bagşylar hem-de wäşiler uly konsert meýilnamasy bilen çykyş ederler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleriniň şu ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli dowam etjekdigini bellemeli. Şol günlerde paýtagtymyza baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin geljek ýaş türkmenistanlylara Aşgabat şäheri boýunça gyzykly gezelençler garaşýar. Şeýle hem olar Döwlet gurjak teatryna we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine baryp görerler.