Çagalaryň şadyýan, bagtyýar we batly ýaňlanýan sesleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, biziň ata Watanymyzyň şu günki we ertirki gününe ynamymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Täze, 2013-nji ýylyň – türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwründe täze uly üstünlikleriň gazanyljak ýylynyň ilkinji günlerinde çagalaryň bagtyýar sesleriniň has belent ýaňlanýandygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, mekdeplerdäki gyşky dynç alyş döwrüniň täze ýylyň ilkinji günlerine gabat gelip, adatça, şu döwürde dürli, täsirli çäreler -- täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan tomaşalar geçirilýär, süýji naz-nygmatlar paýlanýar we ýatdan çykmajak duşuşyklar guralýar. Şadyýan çagalar birkemsiz bezelen owadan arçalaryň daşynda aýlanýarlar. Ýurdumyzda hut şolara, ýaş türkmenistanlylara iň oňat zatlar bagyşlanýar.
Ýurdumyzyň durmuşynyň her bir güni döwletimiziň we milli Liderimiziň enelige we çagalyga, sagdyn, ruhy taýdan baý we intellektual taýdan ösen ýaş türkmenistanlylaryň terbiýelenip ýetişdirilmegi barada ýadawsyz alada edýändigini, bu ugra degişli meselelere uly üns berilýändigini aýdyň görkezýän wakalara beslenýär. Döwlet Baştutany arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurdunda, belent maksatlara ýetilýän ýerde çagalar baradaky alada elmydama aýratyn üns beriljekdigini nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara mähirli, göwnaçyk garamagyň ajaýyp nusgasyny görkezmek bilen, her ýylda ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlaýar, olara sowgatlary gowşurýar hem-de ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşýar. 2013-nji ýylyň öňüsyrasynda “Älem” medeni -- dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada goýlan 37 metrlik ajaýyp arçanyň ýanynda milli Liderimiz bilen geçirilen duşuşyk hem çagalaryň ýadynda galar.
Bu merkeziň täze ajaýyp binasy täsinligi bilen tapawutlanýar, onuň adynda bu merkezi özboluşly “bilimleriň älemine” öwürmek baradaky başlangyç jemlenýär, bu merkez ýaşlaryň diňe bir öz wagtyny gyzykly geçirmek bilen çäkdenmän, özleriniň dünýägaraýyşlaryny giňeltmek we durmuşa döredijilikli çemeleşmegi endik edinmegi üçin niýetlenendir.
Şu ýerde mekdep okuwçylarynyň dynç alyş döwri tamamlanýança geçiriljek täze ýyl dabaralary hem hut şu maksada gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyndaky dabara ilki bilen Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, şeýle hem okuwda tapawutlanan mekdep okuwçylary, döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar çagyryldy. Dynç alyş döwründe bu ýere çagalaryň müňlerçesi gelip görer. Olar üçin çagalaryň “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl güljagaz” atly meşhur tans toparlary, Alp Arslan adyndaky türkmen milli ýaşlar teatrynyň we Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmen döwlet sirkiniň masgarabazlary we žonglýorlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň ezber akrobatlary öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.
Gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda çagalar we ýetginjekler üçin gurlan köp sanly medeniýet merkezleri gyzgalaňly ýagdaýda işleýärler. Aýazbabanyň we onuň agtygy Garpamygyň gatnaşmagynda diňe bir “Älem” medeni – dynç alyş merkezinde däl-de, eýsem, Döwlet gurjak teatrynda, Döwlet sirkinde, “Türkmen ertekileriniň dünýäsi” atly seýilgähde, şeýle hem şu günlerde ýaş türkmenistanlylary mähirli garşylan Gökderedäki ajaýyp çagalar sagaldyş merkezlerinde şadyýan konsertler, dürli tomaşalar we sahnalaşdyrylan oýunlar guralýar. Gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyza gelýän mekdep okuwçylary üçin Aşgabat boýunça täsirli gezelenç guralar, olar Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine baryp görer.
Döwlet syýasatynda adam bilen bagly ýagdaýy ileri tutlýan ýurtda çagalar, olaryň saglygy we hemmetaraplaýyn kemala gelmegi barada hemmetaraplaýyn alada edilýär. Çagalar üçin abadan we ähli ugurlar boýunça göwnejaý ýaşaýşy üpjün etmek, ýaşlaryň öz intellektual mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagy üçin ähli şertleri döretmek -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary hem-de milli Liderimiziň hyjuwly we paýhasly baştutanlyk etmeginde üstünlikli amala aşyrylýan strategiki döwlet maksatnamalary hut şuňa gönükdirilendir.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýäniň beýleki 190 ýurdy bilen bir hatarda BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklady hem-de çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek we olary goramak boýunça borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly özüniň ýaş raýatlary üçin durmuşda iň oňaýly şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegine degişli meselelere örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä bileleşigine äşgär edýär.
Ýaş nesil, enelik we maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky alada Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertieleriň ählisiniň many-mazmunyny düzýär. Türkmen döwletinde enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça anyk ädimleri, soňky ýyllarda kabul edilen köp sanly kanunçylyk namalary, çaganyň saglygynyň goralmagyna, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilen maksatlaýyn dürli resminamalar we düzgünnamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bularyň hatarynda çagalaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, olary beden we ruhy taýdan ösdürmek, ýaş raýatlaryň aň-düşünjesini milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda kemala getirmek boýunça toplumlaýyn ulgamyň bolmagyny göz öňünde tutýan “Çagalaryň hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Kanuny, çagalaryň zähmetine degişli meseleleri düzgünleşdirýän “Ýaşlaryň zähmet baradaky hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Kanuny, “Zenanlaryň deňhukuklylygyny döwlet tarapyndan kepillendirmek hakyndaky” hem-de “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky” Kanunlary, şeýle hem “2011-2015-nji ýyllarda çagany irki döwürden başlap ösdürmek we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasyny” we beýleki wajyp ähmiýetli resminamalary görkezmek bolar. Bularyň ählisi halkara hukuk kadalaryna, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklaryny kesgitleýän düzgünnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Ýeri gelende, häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda döwrebap, has kämil barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen we Internete çatylan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki we çeperçilik mekdepleriniň, sport mekdepleriniň we toplumlaryň, dynç alyş merkezleriniň gurlandygyny we bularyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini hem bellemek gerek.
Çagalar üçin Gökderedäki we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş merkezleri çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi we ýetginjekleriň festiwal bilen bagly merkezleri hökmünde giňden bellidir. Umumymilli, şeýle hem halkara derejesinde dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çagalardan we ýetginjeklerden düzülen toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallara gatnaşmagy çagalaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine degerli ýardam berýär. Türkmenistanda köp çagaly eneler barada aýratyn alada edilýär we olara uly sarpa goýulýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda sekiz we şondan-da köp çaga dogran enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakylýar. Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdu bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýän şunuň ýaly anyk mysallar başga-da az däl.
Täze ýyl ýurdumyz boýunça ynamly gadam urup, çagalara şatlyk, şadyýanlyk getirýär we ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Ýaş türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa täze ýyl mynasybetli ýagşy arzuwlary diýseň ýakymly we mähirli ýaňlanýar. Olary milli Liderimize ýaş nesil baradaky aladany döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýan parahat we kuwwatly döwletde ösüp kemala gelmek bagty üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.