Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda „Weçerniý Aşgabat“ gazetinde „Şahadatnama №1“ makala çap edilipdi. Onda: „Guseýin Kyly şäherde ZAGS-ň açylandygyny bilýär. Şol wagtlar, ýagny 1927-nji ýylda, şular ýaly täze atlara öwrenişmeli bolýardy. Ynha indi ýene-de bir täze at peýda boldy“ diýen ýaly setirler bardy.
Wakalar dabaraly ýagdaýda bolup geçdi. Paýtun ellerinde ýaş çagany buýsançly saklap oturan Guseýin Kulyny şäheriň köçeleri bilen ZAGS-a tarap ýuwaşlyk bilen alyp ugrady. ZAGS-ň işgäri bagtyýar atanyň ellerini tüýs ýürekden gysdy, posalajyk oglanjyga mährem bilen seredip, resmi kagyzyň oglanjygyň atasynyň gol çekmeli ýerine, sowatsyz Guseýnow ... diýen ýazylgy ýere möhrüni basdy.
Bu resminamanyň döreýiş taryhy gysgaça şundan ybarat: „Erkek jyns çaga Abdylla Guseýnowyň dogulandygy baradaky №1 şahadatnamadan göçürme. Poltarsk. 1926 –njy ýyl, 15-nji maý“. Bu günki gzn bujagaz çaga biziň makalamyzyň gahrymany boldy.
Häzir onuň 87 ýaşy dolup barýar, ýone ol öň ýaşyndan ep-esli ýaş görünýär. Biziň ýurdumyzyň tanymal fotosyratçysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, ussat, edil onuň fotosuratlary ýaly, onuň durmuşy hem pursatlara örän baý – Abdylla Guseýnowa häzir hiç kim 80 ýaşy hen bermeýär.
Onuň ady fotosurat sungatynda, meselem, aýdaly, kinodo Alty Garlyýewiň ýa-da teatrda Aman Gulmämmedowyň atlary ýaly giňden mälimdir. Bu atlary agzalanalar dürli döwürlerde nusgalyk bolan bolsa, Abdylla Guseýnawyň ady ajaýyp keşbi bilen türkmen fotosuratynyň we žurnalistikasynyň dürli döwürlerini birleşdirýär. Abdylla Guseýnow – türkmen sotosurat sungatynyň „janly klassigidir“. Ol egni agyr kofraly Garagumyň gum alaňlaryny, dürli welaýatlaryň ekin meýdanlaryny pyýada geçdi, Köpetdagyň belentliklerine çykdy, häzirki Seýdi şäheriniň gurluşygy başlanan wagtlary tozanly Şagalyň daň-säherlerini garşylady, mugallymlaryň sapak geçirýän wagtlary mekdep okuwçylaryny surata düşürdi. Surat almagyň aralarynda bolsa fotosurat söýüjileriň öňlerinde çykyş etdi, öz fotosurat işleriniň sergilerini gurady, watançylyk urşuna gatnaşyjy hökmünde dabarly duşuşyklara we çärelere gatnaşdy.
Şonuň üçin hem, özüniň togsan ýaşyna tarap batly gadamlary bilen barýan A.Guseýnowyň ýerine ýetiren işleriniň ählisi türkmen fotosuratynyň taryhynyň iň gowy sahypalary bolup durýar. Onuň düşüren suratlary ýurduň fotosurat sungatynyň altyn gaznasyna girizildi. Beýik ussat, talapkär fotosuratçy, ýadawsyz ýyl ýazgylaryny düsüji Abdylla Guseýnowyň ady onuň reportažlaryny, reňkli-gara we ak reňkde düşüren suratlaryny,şol wagtyň özünde hem inçe we umumylaşdyrylan usulyny gazet-žurnallaryň sahypalarynda yzygiderl görmäge uýgunlaşan köp sanly okyjylara tanyşdyr. Usul - munuň özi, öz garaýyşlaryny we duýgularyny çotga we reňkler arkaly beýan etmek üçin däl-de, fotoobýektiw arkaly ýönekeý fotohabarçyny, fotosuratçyny ussat fotosuratçydan, hudožnikden, publisistden tapawutlandyrýan sözdür. Aslynda dünýäni, bizi gurşap alýan çylşyrymly dünýäni dabaraly ýagdaýda hem-de göz gamaşdyryjy reňklerde köp hilli görüp bolýan eken. Munuň ählisini, elbetde fotoapparata we zehine emir etmäge uýgunlaşan adama, beýan etmek boýan ekeni. Abdylla Guseýnow zehinli we zähmetsöýer adam. Ol bizi gurşap alýan dünýäden özüne gerek zatlaryny – adaty we häsiýetli zatlary tapmaga ukyply adam. Şonuň üçin hem ol – uly hünäriň ýyl ýazgylaryny düzüji, urşuň ýowuz mekdebini geçen adam geljeki nesil üçin ýatdan çykmajak uly taryhy ähmiýetli suratlary goýýar. Biz şu ýerde olaryň birnäçesini ýatlap geçeliň.
Meselem, onuň öz düöwründe halkara meşhurlygyna eýe bolan „Pagtaçy Tawus Aşyrowa“ atly fotosuraty 1964-nji ýylda Gollandiýada geçirilen „Bütindünýä press-fotosuraty“ Bütindünýä fotosurat sergisinde baýraga mynasyp boldy.
Çeper fotosuratyň aýratyn mahsuslygy – aňa we duüga bir wagtda täsir etmekden, hereket etmekden ybaratdyr. A. Guseýnow ajaýyp çeper fotosuratlaryň giden bir tapgyryny döretdi. Ol çopanlaryň beýik gum alaňlarynyň üsti bilen mekdebe barýan çopan çagalaryny – mekdep okuwçylaryny fotosurata düşürmek üçin çägelik ýerleriniň köp kilometrlerini geçdi. Indi, häzir hem, kyrk ýyldan soňra, bu fotosurat örän uly räsirini ýetirýär. Oňa şeýle seretseň anyk we şeýle adaty zat bolup görünýär, ýöne ol diňe bir erkiň we kanagatlylygyň nyşany bolman, eýsem okuwa, täze durmuşa bolan yhlasy görkezýär. Ol ynsanyň tebigat bilen sazlaşygyny, olaryň aýrylmaz birligini beýan edýär. Bu fotosurat 1973-nji ýylda Çeper fotosuratlaryň bütinsoýuz sergisinde görkezildi hem-de bürünç medala mynasyp boldy.
Abdylla Guseýnowyň her bir ýönekeý fotosuraty hemişe uly durmuş jemlemesine, ýokary raýatllylyk derejesine çenli galýar, esasan hem onuň muňa dahyllylygy – fotoapparatynyň bu ajaýyp pursatlarra gönükdirilenligindedir. Fotožurnalistikada 40 ýyla golaý wagt bäri işlemek bilen, ol ýurduň we daşary ýurtlaryň dürli neşirlerinde taýýarlan müňlerçe fotosuratlaryny çap etdi.
A.Guseýnowyň taýýarlan fotosuratlaryny synlap biziň ýurdumyzda beýik ykdysady we durmuş-medeni özgertmelerini, dörediji adamlaryň döreýändigini, olaryň ruhy taýdan gülläp ösýändiklerini yzarlap bolýar. Onuň fotosuratlary biziň günlerimiziň nyşany bolup galýar, sebäbi olar aýdyň gelejege tarap ymtylýarlar.
A.Guseýnowyň döredijiligini ajýyp fotosurat kompasisiýalardüzýär. Onuň döredijiliginde arzuw eder ýely zat hem galmandyr diýen ýaly. Şeýle-de bolsa – kämilligiň çägi ýok. Ol äriýaçlyk we fiziki güýçlere, durmuşa bolan söýgä baý we dürmuşa düşünmäge örän ukyply. Onuň biziň dürmuşymyzy manyly beýan ajaýyp işleri-eserleri bilen ýene-de şöhlelendirjekdigine şek-şübhe bolup bilmez.